ABŞ bilen “Talybanyň” arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň iň uzaga çeken tapgyry “hakyky öňegidişlikler” bilen tamamlandy, emma daşary ýurtly güýçleri Owganystandan çykarmak boýunça ylalaşyga gelmek başartmady diýip, ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Khalilzad mälim etdi.
“Parahatçylyk üçin şertler gowulandy. Ähli tarap-da urşuň tamamlanmagyny isleýär. Öňegidişliklere we yza gaýtmalara garamazdan, bir ünsümizi jemläp, hakyky netijeleri gazandyk” diýip, Khalilzad özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.
Khalilzad gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň şu aýyň aýagynda geçirilmeginiň mümkindigini hem sözüne goşdy.
ABŞ bilen “Talyban” ýanwar aýynda gelnen çarçuwally ylalaşygyň jikme-jiklerini kesgitlemek ugrunda tagalla edýärler.
Esasy düşünişmezlikler: “Talybanyň” Waşingtonyň terrorist hökmünde häsiýetlendiren toparlary bilen baglaryny kesmegi, ABŞ harbylarynyň çykarylmagynyň senesi, Owganystanda ok atyşyklary bes etmek, “Talybanyň” we owgan hökümetiniň resmileriniň hem gatnaşjak owgan-ara gepleşikleri ýaly meseleleri öz içine alýar.
“Düşünişmezliklere garamazdan öňegidişligi gazanmak başartdy” diýip, “Talybanyň” metbugat wekili çykyş etdi.