Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň ozalky işgäri Azatlygyň Türkiýedäki habarçysy bilen duşuşyp, ýurtda ilki oýlanyşyksyz, bir adamyň görkezmesi bilen gurulýan we soňra ýykylýan binalar, ilki ekilýän we soňra goparylýan baglar, gara maşynlary aga boýamak ýaly buýruklar zerarly müňlerçe adamyň wagtynyň, döwlet serişdeleriniň ýitirilmeginiň kada öwrülendigini gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, Aşgabatdaky Arçabil şaýolynyň ugrunda S.Nyýazow döwründe ysraýyl firmasy tarapyndangurlan ýyladyşhana 2010-njy ýylda ýykylyp, onuň ýeri Azyk senagaty döwlet birleşiginiň ygtyýaryna berildi.
“Biz bu ýerde 300-400 müň düýp aralygynda agaç nahallaryny ekdik, özem bu nahallaryň puly esasan işgärleriň öz jübülerinden çykdy” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy. “Emma häzir ençeme ýyllap ideg edilen, suw, dökün berlen baglar goparylyp, olaryň oturan ýerinde fransuz firmasy tarapyndan gurluşyk işleri alnyp barylýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Degişli maglumat Baglaryň ekilişine oýlanyşykly çemeleşmeli“Biz S.Nyýazow döwründe “Parahat – 7”, “Parahat - 8” etrapçalarynda hem bag nahallaryny ekdik, ol baglar 11-12 ýyllyk boldy, emma olary hem gopardylar, sebäbi ol baglaryň ýeri hem gurluşyga berildi. Öňki prezident döwründe Çoganly ýolunyň ugrunda, Arzuw şäherçesine gidilýän ýerde eken baglarymyz hem 2017-nji ýylda çapylyp aýryldy we olaryň ýeri hususy telekeçilere edara jaýlaryny gurmak üçin berildi” diýip, ozalky Azyk senagaty döwlet birleşiginiň öňki işgäri gürrüňni dowam etdirdi.
“Geň galmaly ýeri, baglar ekilende hem, soň olaryň ýerinde hususy telekeçiler üçin gurlan edara jaýlary açylanda hem, biz baryp, olar üçin el çarpdyk” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Onuň sözlerine görä, bag ekilende hem, soň olara ideg edilende hem, soňra olaryň ýeri gurluşyk üçin berlende hem dabaraly çäreler gurnalýar we bu çärelere okuwda ýa işde bolmaly ýüzlerçe adam gatnaşdyrylýar.
Degişli maglumat Türkmenistanda millionlarça nahal ekilýär, emma agaçlar azalýar“Ýitiren wagtymyzdan başga, biz ol baglar üçin öz jübimizden ýyllap pul hem çykardyk, käbir işgärlerimiz bag ekmek çärelerine gatnaşyp bilmändikleri üçin, baglaryň guramagyna ýol beripsiň diýen bahana bilen işden hem kowuldy. Eger ol baglar soňra şeýdip çapyljak, olaryň ýerleri gurluşyga beriljek bolsa, näme üçin ozal adamlaryň wagtyny, puluny alyp, olary ekdirdiler?” diýip, söhbetdeşimiz soraýar.
Öňki işgäriň tassyklamagyna görä, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň ozalky ýolbaşçysy 2017-nji ýylyň martynda uzak ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilýänçä bu edara degişli gara maşynlaryň ählisi ak reňke boýaldy we olaryň hersi üçin 30 müň manat pul çykaryldy.
"Bu ýagdaý işgärleriň aýlyklarynyň düýpli azaldylmagyna, döwlet birleşiginiň käbir pudak edaralarynyň, mysal üçin 11-nji mikroraýondaky Azyk üpjünçiligi kärhanasynyň, Ruhabatdaky önümçilik kärhanasynyň ýapylmagyna alyp geldi" diýip, ol aýtdy. Emma Azatlyk bu aýdylaýanlara resmi tassyknama alyp bilmedi. Mundan başga, Türkmenistanda soňky ýyllarda ekilen we düýp tutan baglaryň sany, olara çykarylan umymy harajat barada resmi maglumatlar çap edilmeýär.
Degişli maglumat Türkmenistanda 'ählihalk' ýowary geçirildi, ýerli media ony ‘zähmet baýramçylygy’ häsiýetlendirdi“Soň biziň birleşigimize prezident saýlawlaryna dalaşgär bolup gatnaşan Maksat Annanepesow başlyk bellendi we edaramyz tä doly çöküp, Oba hojalyk ministrligine birikdirilýänçäk şeýle ýagdaýlar dowam etdi” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran türkmen raýaty Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Türkmen mediasynda çap edilen resmi maglumata görä, gürrüňi edilýän Azyk senagaty döwlet birleşigi 2018-nji ýylyň martynda Oba we suw hojalyk ministrligine birikdirildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken permanynda aýdylmagyna görä, bu karara “ýurduň azyk senagaty pudagyny düýpli özgertmek we onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen” gelindi.