Tebigaty we adam hukuklaryny goraýan “Crude Accountability” (Tebigy Jogapkärçilik) guramasy Ýewropanyň Dikelşdiş we ösüş bankynyň (ÝDÖB) “dünýäniň iň bir korrumpirlenen, awroritar režimleriniň birinde” deňizdäki nebit ýataklaryny özleşdirmgä dahylly "CMI Offshore" karzlaryny goýbolsun edendigini habar berýär.
"CMI Offshore" komapaniýasy ÝDÖB-dan Hazardaky nebit taslamalarynda ulanmak niýeti bilen deňiz gämilerini satyn almak üçin $21 million karz almakçy bolupdyr.
Düýbi Birleşen Ştatlarda ýeleşýän guramanyň websaýtynda 7-nji fewralda çap edilen beýanatda aýdylmagyna görä, “Crude Accountability” bankyň bu karzlary bermek bilen öz daşky gurşaw we sosial syýasatyny, şol sanda Türkmenistan babatyndaky ýurt strategiýasyny bozýandygyny aýdyp, olaryň berilmegine garşy işjeň göreş alyp bardy.
Gürrüňi edilýän karzlar "B" diýlip kategoriýalaşdyrylan bolsa-da, bu taslamanyň Hazar döwlet tebigy goraghanalaryna uly täsiriniň bardygyna garamazdan, onuň mümkin bolan sosial we daşky gurşaw täsirlerine töwerekleýin baha berilmeýär diýip, neşir bu goraghananyň halkara ähmiýetli Ramsar konwensiýasy arkaly goralaýandygyna ünsi çekýär (Ramsar konwensiýasy esasan suwluk ýerlerde ýaşaýan guşlaryň gelýän halkara ähmiýetli suwly-batgalyk ýerleri hakyndaky şertnama).
Ekologlaryň ynanjyna görä, "CMI Offshore" kompaniýasynyň nebit platformalaryna hyzmat edýän gämileri Hazar döwlet goraghanasyna howp salýar, çünki onuň gämileriniň marşruty şu goraghananyň çäginde hereket edýär.
"Tebigy Jogapkärçilik" guramasynyň esasy öňe sürýän delilleriniň birine görä, bu karzlar bankyň Türkmenistan babatdaky ýurt strategiýasyny hem bozýar. Çünki bu strategiýa ýurduň dolandyryş we ykdysady görkezijileri gowulanýança onuň nebit-gaz pudagyna maýa ýatyrmagy gadagan edýär.
Degişli maglumat ÝDÖB türkmen telekeçileri bilen täze bank döretmekçiÝewropanyň Dikelşdiş we ösüş banky bu taslamany “Transport proýekti” hökmünde görkezen hem bolsa, hakykatda ol “Dragon Oil” kompaniýasynyň deňizde nebit ýataklaryny özleşdirmek işlerine hyzmat edýär we bu energiýa pudagyna dahylly maýa goýumy bolup çykýar diýip, hukuk guramasynyň habarynda aýdylýar.
“Crude Accountability” guramasy 2017-nji ýylda bu taslamanyň nädogry kategoriýalaşdyrylandygyny we onuň töwerekleýin sosial hem-de daşky gurşaw täsirleri synyny talap edýändigini aýdyp, Ýewropanyň Dikeşdiş we ösüş bankynyň taslamasynyň üstünden şikaýat etdi.
Degişli maglumat “Türkmennebit” bäş ýyl bäri kiprli partnýorynyň öňündäki bergisini üzmän gelýärMundan başga, guramanyň toplan maglumatlarynyň esasynda geçirilen barlaglar bu taslamanyň täsiriniň ýetýän ýerlerinde çynlakaý nebit syzmalarynyň dowam edýändigini we bu meselede soňky onýyllykda hiç bir gowulaşmanyň bolmandygyny ýüze çykardy.
“ÝDÖB-nyň, demokratiýany we pikir dürlüligini ilerletmek mandaty bolan ösüş bankynyň bileleşmek, söz aýtmak we ýygnaklar azatlyklarynyň düýpden ýok ýurdy bolan Türkmenistanyň uglewodorod pudagyna maýa ýatyrmak mümkinçiligine seretmegi aýylganç” diýip, “Crude Accountability” guramasynyň günorta Hazar we daşky gurşaw bölüminiň direktory Sonia Zilberman aýdýar.
“Nebitiň puly prezident [Gurbanguly] Berdimuhamedowyň hususy jübüsinde ýitirim bolup gidýär. Türkmenistan dünýäniň dördünji orundaky gaz gorlaryna eýe, emmaýurduňköp böleginde adamlar gyşda gaz ýetmezçilginden kösenýär. Bu hili karzlar ne türkmen halkyna, ne-de daşky gurşawa peýda getirýär, olar diňe kurrupsiýany we adam hukuklarynyň bozulmagyny güýçlendirýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
“Crude Accountability” ÝDÖB-nyň Türkmenistana kenardan uzakdaky nebit ýataklaryny özleşdirmek üçin berjek karzlaryny goýbolsun etmegini gutlaýar we banky Türkmenistan üçin täze ýurt strategiýasyny işläp düzende “köp üçin köp, az üçin az” diýen çemeleşmeden ugur almaga çagyrýar.
Degişli maglumat Bütindünýä Banky erkin bazary öňe sürýärDüýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Crude Accountability” tebigaty we adam hukuklaryny goramak bilen meşgullanýan we girdejä kowalaşmaýan gurama bolup, Hazar we Gara deňiz regionlarynyň ýerli tebigy serişdeler we olaryň saglyga ýetirýän ýaramaz täsirlerine garşy göreşýän jemgyýetçilik toparlary bilen işleşýär.
Bu gurama sebit senagatyndan hiç bir maliýleşdirme kabul etmeýär, onuň ähli maliýe serişdesi hususy adamlardan we şahsy gaznalardan gelýär diýip,“Crude Accountability” guramasynyň saýtynda aýdylýar.