Eýran: ABŞ Ýakyn Gündogarda ‘diktatorlary, gassaplary we ekstremistleri’ goldaýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlar Ýakyn Gündogarda “diktatorlary, gassaplary we ekstremistleri” goldaýar diýip, Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň eden çykyşyna gaýtawul berip, 6-njy fewralda “Twitter” sosial ulgamynda ýazan maglumatynda aýtdy.

Geçen ýylyň maýynda Tramp 2015-nji ýylda baglaşylan möhüm ýadro ylalaşygyndan yza çekilip, Eýrana garşy sanksiýalary gaýtadan güýje girizeni bäri Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky dartgynlylyk artýar.

“Birleşen Ştatlaryň duşmançylygy onuň biziň regionymyza diňe zyýan ýetiren diktatorlary, gassaplary we ekstremistleri goldamagyna getirdi” diýip, Zarif öz ýazan tweetinde aýtdy.

Tramp ABŞ-nyň Kongresinde eden çykyşyndan öň, Tähran bilen gelnen ýadro ylalaşygyndan yza çekilmek baradaky kararyny goldady. Bu ylalaşygyň netijesinde Eýrana garşy girizilen sanksiýalary gowşatmagyň deregine onuň ýadro programmasy çäklendirilipdi. Tramp soňy bilen Eýrana garşy täze sanksiýalary güýje girizmegi yglan etdi.

Tramp Eýrany “dünýäde terrorçylygy goldaýan iň öňdebaryjy döwlet” diýip atlandyrdy we öz administrasiýasynyň bu ylalaşyga garşylyk görkezmek üçin netijeli hereket edendigini aýtdy.