Birleşen Ştatlarda adam öldürip, soňra Türkmenistana gaçandygy aýdylýan iki adamyň biri 10 ýyla golaý wagtdan soň ABŞ-a ekstradisiýa edildi.
2009-njy ýylda Nýu-Ýorkuň Woodmerinde 35 ýaşyndaky Wladimir Tolstyhy urup öldürmekde güman edilýän adam Awstraliýadan Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edildi diýip, “News 12 Long Island” neşiri habar berýär.
Wladimir Tolstyh 2009-njy ýylyň 4-nji martynda, Brukliniň "Brighton Beach" seksiýasynda, öz maşgala kärhänasynyň golaýynda öldürildi, onuň yzynda aýaly we üç hepdelik gyzy galdy. Güman edilýän iki adamyň Tolstyhyň aýlyk sumkasyndaky 32 müň dollaryny ogurlandygy aýdylýar.
Polisiýanyň sözlerine görä, bu iki adam soňra Türkmenistana gaçyp gidýär. Resmileriň tassyklamagyna görä, güman edilýän Abakar Gadiýew soňra Türkmenistandan Awstraliýa gidýär we 2014-nji ýylda şol ýerde tussag edilýär.
Pidanyň maşgalasy güman edilýän ganhoryň Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilmegi ugrunda bäş ýyllap tagalla etdi we bu iş şenbe güni ahyrynda bitirildi diýip, Nýu-Ýorkuň polisiýa deňpartamenti aýtdy.
“News 12 Long Island” bu işde güman edilýän ikinji adamyň Türkmenistanda ýaşaýandygyny aýdýar.
Polisiýanyň soňky barlaglaryna görä, ol adam Türkmenistanda azat-erkin ýaşaýar, sebäbi bu ýurt bilen ABŞ-nyň arasynda ekstradisiýa şertnamasy ýok diýip, habarda aýdylýar.