Prezidentiň 30-njy ýanwarda gol çeken kararyna laýyklykda, “Türkmenawtoulaglary” agentligi hem-de Aşgabadyň awtoulag kärhanasy “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk paýdarlar jemgyýetine paýly gatnaşýar. Ýagny, Aşgabadyň awtoulag kärhanasy hususylaşdyrylýar. Prezidentiň karary resmi metbugatda çap edildi.
Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysy Aşgabadyň awtoulag kärhanasynyň hususylaşdyryljakdygyny bu kärhanada işleýän biri-birinden habarsyz iki çeşmesiniň sözlerine salgylanyp, 21-nji ýanwarda habar beripdi.
Ol şonda kärhanynyň mart aýyndan başlap, paýdarlar jemgyýetine öwrüljekdigini aýdypdy. Çeşmeler howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde, hususylaşdyrylýan kärhanynyň prezidentiň ýakyn töwereginden biriniň eýeçiligine geçýändigini öňe sürdi.
“Mart aýyndan başlap, döwlet eýeçiligindäki awtobuslar hem-de taksiler bir Paýdarlar jemgyýetine berkidilýär. Sürüjilerden daşgary kärhananyň işgärleri, hamana, meýletin öz arzasy bilen işden çykarylýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy şonda maglumat berdi.
Ol bu üýtgeşikligiň awtobuslaryň we taksileriň töleglerine täsir ýetirjekdigini, olaryň gymmatlajakdygyny aýtdy.
Degişli maglumat Prezident sanly wideomaslahatlaryny köpeltdi; soňky mejlisde käbir döwlet edaralaryny üýtgedip gurdyÝurt içinden gizlinlik şertlerinde maglumat berýän beýleki bir çeşme döwlet awtobuslaryny we taksileri hususylaşdyrmak prosesine taýýarlyk görülýändigini aýtdy. Ol transport pudagyny hususylaşdyrmak işiniň häzirki wagtda ýekebara hususy eýeçlikde hereket edýän kiçi awtobuslara oňaýsyz täsir ýetirjekdigini, olara adam gatnatmagyň gadagan edilmek howpunyň abanýandygyny aýtdy.
“Ýagny, köp adam ýeke-täk gazanç çeşmesinden mahrum galar” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.
Täze özgertmeler bilen baglylykda, TDH-nyň maglumatyna görä, senagat, ulag we aragatnaşyk toplumynyň binýadyna berkidilen täze agentlikleriň ähli kärhanalary paýdarlar jemgyýetine öwrülýär, hem-de hususylaşdyrylýar.
Türkmenistanyň öňki Awtomobil ulaglary ministrligi “Türkmenawtoulaglary” agentligine öwrüldi. Demir ýol ministrligi “Türkmendemirýollary” agentigine öwrüldi.
Galyberse-de, prezidentiň 30-njy ýanwarda gol çeken kararyna laýyklykda, Aşgabat ýol we desgalar edarasy bilen “Türkmendemirýollary” agentligi hem “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine paýly gatnaşýar.
Degişli maglumat “Awazada” oteller satuwa çykaryldyTransport ulgamyny hususylaşdyrmagyň kanuny binýadyny işläp düzmek üçin prezident Berdimuhamedow Adalat ministligine üç aý möhlet berdi. Döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak işine daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşdyryljakdygy ýa-da däldigi mälim däl.
Prezidentiň gol çeken kararynda degişli döwlet edara-kärhanalaryny hususylaşdyrmak işiniň “bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek” hem-de “milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek” maksady bilen amala aşyrylýandygy aýdylýar.
Synçylar hususylaşdyrylýan döwlet edara-kärhanalaryň täze eýeleri bilen baglylykda aç-açanlygyň ýokdugyny aýdýar.
Berdimuhamedowyň käbir döwlet edaralaryny we ministrlikleri üýtgedip guran soňky hökümet mejlisinde geçen ýyl ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrülen “Türkmenhowaýollary” agentligi hem täze döredilen Senagat we kommunikasiýa ministrligine berkidildi.
2014-nji ýylda energiýa serişdeleriniň nyrhlarynyň global pese gaçmagy bilen Türkmen ykdysadyýeti gowşady. Ýurduň regionlarynda esasy iýmit önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy ýüze çykdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.