Azatlygyň derňewi: Türkmen ýörite gulluklary raýatlary yzarlamakda Rohde & Schwarz nemes kompaniýasynyň enjamlaryny ulanýan bolmagy mümkin

Rohde & Schwarz nemes tehnologiýa kompaniýasynyň Türkmenistany elektron aňtaw maksatly enjamlar we programmalar bilen üpjün edýändigine şübhe bildirilýär

Türkmenistanyň ýörite gulluklary öz raýatlaryna garşy basyş etmekde Rohde & Schwarz atly nemes kompaniýasynyň enjamlaryndan peýdalanýan bolmagy mümkin. Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki we Rohde & Schwarz kompaniýasyndaky çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, bu nemes kompaniýasy Türkmenistanyň Goranmak ministrligini we Aragatnaşyk ministrligini adamlary yzarlamak maksady bilen ýa-da oňaýsyz saýtlary petiklemekde, ýa-da bolmasa petiklenen saýtlara girýän internet ulanyjylary anyklamakda ulanyp boljak enjamlar bilen üpjün edýär. Galyberse-de, Azatlygyň çeşmeleriniň sözlerine görä, Rohde & Schwarzyň abzallary telefonlary diňlemekde hem-de mobil argatanşyk arkaly ugradylýan hatlary petiklemekde ulanylýar.​

Rohde & Schwarzyň Mýunhendäki baş binasy öz enjamlarynyň Türkmenistanyň raýatlaryny yzarlamak maksady bilen ulanylýan bolmagynyň ahmaldygy baradaky maglumatlary ne tassyklady ne-de inkär etdi. Ýöne şol bir wagtyň özünde, kompaniýanyň Merkezi Aziýa boýunça wekili Wiktoriýa Gerasimowa Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde kompaniýanyň köpden bäri Türkmenistana hiç-hili enjam satmaýandygyny aýdyp, öňe sürülýän maglumatlary düýbünden ret etdi.

Nemesler muny bilýän hem däldir

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň birindäki çeşmesiniň sözlerine görä, Rohde & Schwarz Milli howpsuzlyk ministrligi bilen gönüden-göni işleşmeýän-de bolsa, onuň türkmen hökümetini üpjün eden enjamlary we ekspert maglumatlary bilen ýörite gulluklar oňaýsyz internet çeşmelerini anyklaýar, olary petikleýär, Internet ulanyjylaryny we mobil aragatnaşygy yzarlaýar.

Azatlygyň çeşmesi Rohde & Schwarzyň hödürleýän ekspert maglumatlarynyň hem-de üpjün edýän enjamlarynyň Türkmenistanda raýatlary yzarlamakda ulanylýandygyndan kompaniýanyň özüniň habarynyň ýok bolmak ahmaldygy baradaky ähtimallyklary aradan aýyrmaýar.

Adamlary yzarlamak işlerini aragatnaşyk pudagynda iş alyp barýan iki ýerli hususy kompaniýa durmuşa geçirýär. Çeşme bu hususy kompaniýalaryň atlaryny, şeýle-de olaryň biriniň eýesiniň adyny agzady. Çeşmämiziň sözlerine görä, firmanyň eýesi Türkmenistanyň döwlet howpsuzlyk gulluklarynyň öňki işgäri. Azatlyk Radiosy olaryň Türkmenistanyň ýörite gulluklary bilen ilteşigini ikinji çeşmä tassykladyp bilmänsoň, bu kompaniýalaryň atlaryny hem-de agzalýan adamyň adyny agzamakdan saklanýar. Ýöne bu iki kompaniýanyň ikisiniň-de ýurduň maglumat tehnologiýalary pudagynda iş alyp barýandygy mälim.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, eýesi ýörite gulluklaryň ozalky işgäri bolan firmany gönüden-göni Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi dolandyrýar. Bu firma Rohde & Schwarz kompaniýasyndan alnan enjamlary ulanmak arkaly, adamlary yzarlamak işleriniň tehniki tarapyny durmuşa geçirýär. Munuň öwezine firma döwlet eýeçiligindäki kompaniýalardan websaýt ýasamak, programma üpjünçiligi, maglumat hyzmatlary ýaly işleri alýar.

Çeşmäniň sözlerine görä, beýleki firma Türkmenistanyň prezidentiniň Diwanynyň gözegçiliginde bolup, ol hem döwlet strukturalaryndan iş alýar.

Degişli maglumat Türkmen ýörite gulluklary VPN serwislerini petikleýärler

Toruň doly yzarlanmagy

Galyberse-de, Rohde & Schwarz programmalar bilen hem-de hünärmenleri taýýarlamak boýunça okuw-türgenleşik sapaklary bilen üpjün edýär. Azatlygyň çeşmesiniň sözlerine görä, azyndan bir ýerli kompaniýanyň hünärmenleri hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin şeýle okuw-tälimlerine gatnaşdy.

Kiberhowpsuzlygy üpjün etmek üçin alan bilimleriniň hem-de enjamlarynyň kömegi bilen, Azatlygyň çeşmesiniň sözlerine görä, agzalýan hususy kompaniýalar Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň tabşyrygy bilen Internet ulanyjylarynyň özara ýazyşan hatlaryndan we telefonda edilýän gürrüňlerden maglumat toplaýar.

Mysal üçin, adamlary yzarlamakda sözleri, söz düzümlerini we tutuş sözlemi anyklaýan süzgüçleriň ulanylmagy üpjün edilen enjamlardan we ekspert maglumatlaryndan nädip peýdalanylýandygyny görkezýär. Öňünden gözegçilik sanawyna girizilen söz süzgüçde anyklanan badyna maglumaty iberýän websaýt dessine petiklenýär. Şeýle-de, çeşmäniň sözlerine görä, Internetde we mobil aragatnaşykda ýazyşylýan hatlary, ýagny adamlaryň messenjerlerde alyşýan hatlaryny we SMS –lerini yzarlamak üçin hem şeýle süzgüçler ulanylýar. Ol şeýle ýagdaýda iş ýüzünde tutuş Internetiň gözegçilikde saklanýandygyny aýdýar.

Ýatldaýarys, Türkmenistanda garaşsyz habar serişdeleriniň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtlary petiklidir. Facebook, YouTube, Twitter we VKontakte ýaly sosial torlar, şeýle-de WhatsApp, Telegram, Viber we Signal ýaly messenjerler petikli.

Petiklenen saýtlara we messenjerlere girmek üçin türkmenistanlylar VPN-lerden we proksi serwerlerden peýdalanýar. Azatlygyň çeşmesiniň sözlerine görä, Türkmenistanyň ýörite gulluklary indi VPN ulanýan raýatlary anyklamagy öwrendi.

2018-nji ýylda Azatlyk Radiosy howpsuzlyk gulluklarynyň VPN ulanýan raýatlary soraga çagyryp, olara munuň netijeleri boýunça haýbat atandygy barada habar berdi. Şeýle-de ýerli häkimiýetleriň hökümet üçin oňaýsyz saýtlara girmegiň netijeleri barada ilat arasynda düşündiriş işlerini geçen halatlary hem boldy. Türkmenistanda VPN hyzmatlaryndan peýdalanýan ulanyjylaryň internetiniň kesilýändigi barada Azatlyga yzygiderli maglumatlar gelip gowuşýar.

Degişli maglumat Lebapda proksi ulanyjylaryň interneti kesilýär

Rohde & Schwarz ümsümligi saklaýar, prinsipde

​Azatlyk Radiosy Rohde & Schwarzyň üpjün edýän enjamlarynyň Türkmenistanda ýurt raýatlaryny yzarlamak maksady bilen ulanylýan bolmak ähtimallygy barada kompaniýanyň Mýunhendäki baş binasyna kommentariýa sorap ýüz tutdy.

Biz ýüzlenmämizde, hususan-da, Rohde & Schwarzyň üpjün eden enjamlarynyň Türkmenistanda raýatlara basyş etmekde ulanylýan bolmak ähtimallygy baradaky maglumatlary kompaniýa tassyklap ýa-da inkär edip bilermi diýip soradyk. Şeýle-de, Rohde & Schwarzyň üpjün eden haýsydyr bir enjamynyň saýtlary petiklemek ýa-da internet ulanyjylaryny yzarlamak maksady bilen ulanylýan bolmagy mümkinmi?

Kompaniýanyň halk bilen gatnaşyklar boýunça wekili Simon Knaýfl ýazmaça beren jogabynda “Rohde & Schwarz özüniň mümkin bolan biznes gatnaşyklary baradaky maglumatlary prinsipde aýan etmeýär” diýdi. Şeýle-de ol Rohde & Schwarzyň eksport bilen baglylykda “bar bolan ähli düzgün-tertibi berjaý edýändigini” belledi.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýanyň Ykdysadyýet we eksporta gözegçilik boýunça federal edarasyndan nähilidir bir maglumat almak synanyşygy netijesiz boldy.

Şol bir wagtyň özünde, Rohde & Schwarzyň Türkmenistandaky biznesi bilen gönüden-göni gatnaşygy bolan bir wekili Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen özara gürrüňdeşlikde nemes kompaniýasynyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligini hem-de Aragatnaşyk ministrligini ýörite enjamlar bilen, şol sanda kiberhowpsuzlyk bilen bagly abzallar bilen üpjün edýändgi barada çeşmäniň beren maglumatlaryny tassyklady.

Azatlyk Radiosy Rohde & Schwarzyň Merkezi Aziýa boýunça wekili Wiktoriýa Gerasimowa bilen hem habarlaşmagy başardy. Onuň öz sözlerine görä, ol Rohde & Schwarzyň Türkmenistandan daşgary Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Täjigistandaky, Özbegistandaky şeýle-de Azerbaýjandaky we Ermenistandaky işlerine gözegçilik edýär.

Onuň bilen 2018-nji ýylyň 14-nji dekabrynda hem-de 2019-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda geçirilen iki telefon söhbetdeşliginde hanym Gerasimowa mobil aragatnaşygy we internet ulanyjylaryny yzarlamakda ulanylýan enjamlar bilen Rohde & Schwarzyň Türkmenistany üpjün edýändigi baradaky maglumatlary düýbünden ret etdi.

Onuň sözlerine görä, kompaniýa Türkmenistany diňe telewizion geçirijileri we FM geçirijileri, şeýle-de telewizion signalynyň hilini barlaýan tehnikalar bilen üpjün etdi. “Biz uzak wagtdan bäri indi ol ýere satamzok, sebäbi sistema guruldy. Olaryň hemmesi işleýär, telewideniýe efire berilýär. Hemmeler özleriniň signal kabul edip, telewizora tomaşa edip bilýändiklerine şatlanýar. Siz menden başga näme isleýärsiňiz?” diýip Gerasimowa aýtdy.

Goranmak ministrligine telewizion geçirijiler nämä gerek?

Ýöne Rohde & Schwarzyň beýleki bir wekili Azatlyk Radiosy bilen özara gürrüňdeşlikde kompaniýanyň Türkmenistana, hususan-da ýurduň Goranmak hem-de Aragatnaşyk ministrliklerine heniz hem abzal ugradýandygyny nygtady. Şeýle-de, onuň sözlerine görä, Aşgabatda bu kompaniýanyň edarasy bar. Ol Atatürk köçesiniň 82-nji jaýynda ýerleşýän "Berkarar" täjirçilik merkezinde ýerleşýär. Bu maglumat kompaniýanyň resmi saýtynda-da bar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň näme üçin telewizion geçiriji satyn alandygy baradaky soraga kompaniýanyň wekili Wiktoriýa Gerasimowa jogap bermekden ýüz öwürdi. “Näme üçin siz Goranmak ministrligine daňylyp galdyňyz?” diýip, ol soraga sorag bilen jogap berdi. Biziň geçen ýylyň 14-nji dekabr güni geçiren gürrüňdeşligimizde Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen kompaniýanyň partnýorçylyk gatnaşyklary barada beren soragymyza, Gerasimowa özüniň bu barada çykyş etmäge ygtyýarynyň ýokdugyny aýdyp jogap beripdi. Azatlyk bilen 15-nji ýanwarda geçirilen söhbetdeşlikde ol Rohde & Schwarzyň elektron yzarlamalary amala aşyrmakda ulanylýan abzallary asla öndürmeýändigini aýtdy.

Degişli maglumat Ekspert: Türkmen häkimiýetleri interneti yzarlamak üçin içalyçylyk programmalaryny satyn alýar

Kompaniýanyň çözgüdi obýekti yzarlamaga ýardam berýär

Ýöne kompaniýanyň öz saýtyndaky maglumat hanym Gerasimowanyň sözlerini ýalana çykarýar. Saýtyň hökümetlere kiberhowpsuzlyk abzallary hödürleýän bölüminde şeýle diýilýär: “Mobil aragatnaşygy barlamak üçin çözgüt; radio interfeýse görä mobil radio aragatnaşygy seljerýär; spektrleriň we kanallaryň ulanylmagyny kesgitleýär; anyklanan mobil radio aragatnaşyklaryň ýerleşýän ýerini tapýar; radio ýygylyklaryň gerimini hasaplaýar; bikanun geçirijileri anyklaýar”

Hanym Gerasimowanyň sözlerine görä, Rohde & Schwarz Türkmenistan bilen baryp Saparmyrat Nyýazow döwründen bäri biznes edýär. Ýöne kompaniýanyň ady ilkinji gezek resmi türkmen metbugatynda geçen ýylyň fewral aýynda agzalan bolsa gerek. Şonda Rohde & Schwarzyň Enjamlaryň ýerlenmegi we howpsuz aragatnaşyk programmalary boýunça wise-prezidenti Hartmut Ýeşke Aşgabada bardy. 2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda Ýeşkany Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow kabul etdi.

Şonda “Türkmenistanyň hronikasy” Rohde & Schwarzyň resmi saýtynda tassyklanan şu maglumaty ýetirdi: “kompaniýa obýekti yzarlamak we hat alyşmalardan maglumat toplamak, şeýle-de gözegçilik maglumatlary boýunça gylyk-häsiýet portretini çekmek babatdaky çözgütlerde hem kömek edip biler”. Bu günki gün görkezilen çelgidäki degişli maglumat pozulypdyr.

Rohde & Schwarzyň wise-prezidentiniň Türkmenistana eden saparynyň yzýany halkara hukuk goraýjy Human Rights Watch guramasy 2018-nji ýylyň martynda Rohde & Schwarza hat üsti bilen ýüzlenip, raýatlary elektron usullar arkaly yzarlamakda ulanylmagy ahmal abzallar bilen kompaniýanyň Türkmenistany üpjün etmäge niýetlenýändigini ýa-da däldigini aýdyňlaşdyrmagyny sorady.

Rohde & Schwarz Azatlyk Radiosynyň soragyna beren jogaynda muny tassyklamady, ýöne inkär hem etmedi: “Kompaniýa özüniň mümkin bolan biznes gatnaşyklary baradaky maglumatlary prinsipde aýan etmteýär”

2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda Human Rights Watch ýagdaýdan habarlary çeşmesine salgylanyp, Türkmenistanyň öýjükli we hemra aragatnaşygyny yzarlamaga we petiklemäge, şeýle-de interneti çäklendirmäge degişli tehnologiýalar bilen gyzyklanandygyny habar berdi. Hukuk goraýjy gurama nemes firmasyna ýüzlenen açyk hatynda onuň Türkmenistan bilen aradaky şertleşiklerini aýan etmegini talap etdi. Ýöne muňa jogap bolmady.

Ahyrky müşderi: Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi

Bu Türkmenistanyň adamlary yzarlamak maksady bilen tehnika satyn alýandygy baradaky ilkinji maglumat däl. 2015-nji ýylda Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary proýekti (OCCRP) metbugatda peýda bolan elektron hatlara salgylanyp, elektron aňtaw tilsimlerini işläp düzýän Hacking Team atly italian kompaniýasynyň öz programmalaryny “ähli aýratynlyklary bilen” türkmen ýörite gulluklarynyň wekillerine hödürlenilmegine rugsat berendigini habar berdi.

RCS MEA JLT atly düýbi Dubaýda ýerleşýän internet firmasynyň söwda menejeri Vytas Celiesius 2012-nji ýylyň sentýabrynda Hacking Team toparyndan Mario Bettini bilen alşan hatynda şeýle ýazýar:

“Salam, siz bilen Häkiň toparynyň enjamlaryny satmak meselesi barada maslahatlaşmak gowy boldy. Ozal gürleşişimiz ýaly, maňa ahyrky alyjy we edil häzirki pursatda nämeleriň gerekdigi barada maglumat bermäge rugsat ediň. Ahyrky alyjy Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi, 42144-nji Harby birikme”

"Ahyrky alyjy: Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi, 42144-nji Harby birikme" diýip, hatda aýdylýar.

Muňa iberen jogap hatynda Mario Bettini araça şeýle jogap ýollaýar: “Biz hödürleýän çözgütlerimiz bilen Türkmenistandaky müşderini doly tanyşdyrmak üçin size ýaşyl çyra ýakýarys. Eger gyzyklanma bildirilen ýagdaýynda biz Milanda ýa-da müşderiniňkide programmalaryň mümkinçilikleriniň demonstrasion görkezilişini gurnap bileris”

Türkmenistanyň howpsuzlyk ministrligindäki müşderiniň demonstrasion görkeziş üçin Milanda bolup bolmandygy mälim däl. Ýöne bu Türkmenistan bilen Hacking Team toparynyň arasynda bolup geçen ýeke-täk gepleşik däl.

2013-nji ýylda NICE ysraýylly tilsimat kompaniýasyndan Reýwan Elazar atly biri Hacking Team toparynyň işgärlerinden Massimilian Luppä aňtaw programmalaryň potensial alyjysy bilen habarlaşmak mümkinçilikleri barada şeýle ýazdy: “Türkmenistanly müşderi kanuny ýollar arkaly elektron maglumatlary döwmege we olary ele geçirmäge degişli programmanyň aýratynlyklarynyň ýazylyp iberilmegini soraýar. Biz 19-njy iýuna çenli ähli materiallary rus dilinde ýazyp ugratmaly”. Şondan soň Elazar ahyrky alyjynyň Içeri işer ministrligi däl-de Milli howpsuzlyk ministrligidigini aýdyňlaşdyrýar. Ýöne Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary proýektiniň (OCCRP) bellemegine görä, bu maglumata garamazdan taraplar şertnama gol çekişmeýär.

VPN-e garşy göreş güýçlenýär

Wiktoriýa Gerasimowa Türkmenistanyň Rohde & Schwarzdan satyn alan abzallary bilen öz raýatlaryna basyş edýändigi baradaky habarlaryň peýda bolmagynyň kompaniýanyň abraýyna şek ýetirmäge synanyşykdan başga zat däldgine ynanýar.

Degişli maglumat Soňky bir aý bäri Türkmenistanda Internetiň tizligi juda pes

Bu aralykda, şu günler türkmen häkimiýetleriniň ýurtda VPN tilsimlerine garşy göreşi işjeňleşdirýändikleri Azatlyk Radiosyna mälim boldy. Ýörite gulluklar başga-da köp sanly internet çeşmelerini we hyzmatlary, şol sanda Google Playi petikledi.

Bu ýagdaý VPN gözleýän türkmen internet ulanyjylarynyň sanyny bir hepdäniň dowamynda 577 % artdyrdy.

Türkmenistanyň internet üpjünçiligini döwlete degişli “Türkmentelekom” kompaniýasy ýola goýýar. Bu kompaniýa Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň binýadynda ýerleşýär.

Türkmenistan internetiň hili boýunça iň pes, bahasy boýunça iň gymmat ýurtlaryň hatarynda galýar. Ýurtda internetiň ortaça tizligi 0.5 mb/sekuntdan pesdir. Onuň aýlyk tölegi 350 manada, dollaryň resmi kursundan 100 dollara barabardyr. Internet hyzmatlary boýunça amerikan guramasy bolan “Akamai Technologiesyň” maglumatlaryna görä, Türkmenistanda ilatyň 20 prosentinden hem az bölegine internet elýeterli.

Halkara guramalaryň ýyllyk hasabatynda Türkmenistan söz we metbugat azatlygyny sistematiki görnüşde kemsidýän ýurtlaryň hatarynda öňdäki orunlary eýeleýär.

Degişli maglumat Türkmenistanda Internetden VPN gözleýänleriň sany bir hepdäniň dowamynda 577 % artdy