Berdimuhamedow Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugyny ministr Mulikowyň ygtyýaryna geçirdi

Içeri işler ministri Isgender Mulikow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirip, Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyny Içeri işler ministrligine birikdirmek baradaky karara gol çekdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, döwlet baştutany bu karara gullugyň direktory M.Hudaýkulyýewiň 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatyny diňländen soň gol çekdi. Ýöne habarda prezidentiň ýylyň dowamynda korrupsiýa garşy göreş boýunça geçirilen işlerden kanagatlanandygy ýa-da nägile bolandygy anyklaşdyrylmaýar.

Ikinji tarapdan, neşiriň maglumatyna görä, 2017-nji ýylyň maýynda turan korrupsiýa galmagalyndan soň döredilen döwlet gullugynyň Içeri işler ministrligine birikdirilmegi “ykdysady jenaýatlara garşy göreşi güýçlendirmek, hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen” düşündirilýär.

2017-nji ýylyň maýynda turan korrupsiýa galmagalyndan soň şol wagtky baş prokuror Amanmyrat Hallyýew wezipesinden boşadyldy we içeri işler ministri Isgender Mulikowa berk käýinç berildi.

Şeýle-de, prezident Berdimuhamedow korrupsiýa garşy göreş gullugynyň başda bellenen başlygy Mämmethan Çakyýewiň üsti açylan korrupsiýa faktlary baradaky hasabatlaryny diňläp, wezipesine garamazdan, bikanun baýamaga synanyşan ýolbaşçylaryň ählisine berk çäre görmegi wada berdi. Ýöne Çakyýewiň başga işe geçirilmegi bilen korrupsiýa faktlarynyň üstüniň açylyşy hakynda berilýän maglumatlar selçeňledi.

Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan ýaşaýjylar ýurtda wezipeli adamlaryň gatnaşmagynda amala aşyrylýan bidüzgünçilikleriň, adamlaryň para bermäge mejbur edilmeginiň azalmaýandygyny aýdýarlar.

Halkara guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistan köplenç iň korrumpirlenen ýurtlaryň arasynda agzalýar.