Prezidentiň ogly Serdar 2,3 mlrd dollarlyk ýoluň gurluşygyna badalga berdi

Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berýär. 24-nji ýanwar, 2019 ý. TDH-nyň suraty. 

Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow 24-nji ýanwarda ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berdi.

Bu ýoluň, ýurduň sebit we halkara multimodal aragatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyny üpjün etmek bilen, Türkmenistanyň geoykdysady kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga, regional söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam bermegine garaşylýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, täze guruljak “awtomobil ýoly bir ugurda üç ulag zolakly we bir ätiýaçlyk zolakly, iki ugurda jemi sekiz zolakly bolup, onuň umumy ini 34,5 metre barabar bolar”.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 11-nji ýanwarda gol çeken kararyna laýyklykda, türkmen gaznasyna 2,3 milliard amerikan dollaryna düşjek täze ýol TSTB-niň agzasy bolan “Türkmen Awtoban” ýapyk paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurulýar.

Eger-de bu gurluşygyň derýalaryň we demir ýollaryň üstünden geçýän köprüleriň 8-siniň, awtomobil ýollarynyň üstünden geçýän köprüleriň 22-siniň, ýerasty geçelgeleriň 76-synyň gurluşygyny öz içine alýandygyny nazara alsaň, ozal beýle çylşyrymly desgalary gurmadyk türkmen telekeçilerine örän uly jogapkärçilikli işiň ynanylandygyny bellemezlik mümkin däl.

Degişli maglumat Ady eşidilmedik "Türkmen Awtobana" 2,3 milliard dollarlyk taslama ynanyldy

Türkmenistanda uly inženerçilik tejribelerini talap edýän ýollaryň we köprüleriň, şol sanda kaliý dökünlerini öndürjek zawodyň gurluşygy ýerli telekeçilere ilkinji gezek Aşgabat-Türkmenbaşy ýoluny gurýan türk firmasy bilen arada dörän töleg dawalaryndan, Garlykda gurlan dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatda dörän problemalardan soň berildi.

Türkmen mediasy dabarada çykyş eden Serdar Berdimuhmaedowyň we beýlekileriň sözlerine salgylanyp, olaryň “bu taryhy wakanyň ähmiýetini aýratyn nygtandyklaryny” habar berýär.

Emma synçylar Türkmenistanda soňky onýyllykda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bir özüniň karar bermeginde gurulýan gurluşyklaryň köpüsiniň türkmen ykdysadyýetine agyr ýük bolýandygyny öňe sürýärler.

Mysal üçin, ýokarda agzalan Garlyk kombinatynyň öz planlaşdyrylan kuwwatynda işlemeýändigi, üstesine, belarus potratçylary bilen maliýe meseleleriniň hem çözülmändigi belli boldy we bu ýagdaý gweçen ýyl wise-premýer Kerim Durdymyradowyň wezipesinden boşadylmagyna alyp geldi.

Şeýle-de, 2014-nji ýylda Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen gurlan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurluşygyna, ýurtda gurlan täze uçar menzillerine, Olimpiýa şäherçesine, Türkmenbaşy portuna we beýleki desgalaraharçlanan serişdeleriň bu golaýlarda özüni ödäp, girdeji getirjegi sorag astyna alynýar.

Degişli maglumat Berdimuhamedowyň 'üstüni açýan' we açyp bilmeýän korrupsiýasy

Emma muňa garamazdan, Ministrler kabinetiniň mejlislerinde täzeden täze desgalary, şol sanda uçar menzillerini gurmak hakynda gürrüň edilýär we öz wezipelerini talaba laýyk ýerine ýetirmezlikde aýyplanan resmileriň wezipesinden boşadylmagy dowam etdirilýär.

Mysal üçin, synçylar geçen ýylyň aýagynda “işde goýberen kemçilikleri üçin” wezipeden boşadylan K.Durdymyradowyň Türkmenistanda 26 ýyl içinde işden kowlan 104-nji wise-premýer bolandygyny, şeýle-de öňki wise-premýerleriň 30-a golaýynyň jenaýatda aýyplanyp, sud edilendigini belleýärler.

Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda iş başarmazlykda ýa-da korrupsiýada aýyplanyp işden aýrylan ministrleriň, häkimleriň we beýleki jogapkär ýolbaşçylaryň sany ýüzlerçe we bu ýagdaý hökümetiň 26 ýyl bäri iş başarmazlyk ýa bilmezlik, giň ýaýran korrupsiýa, artdyryp ýazmalar we beýleki bidüzgünçilikler bilen ýüzbe-ýüz durandygyny görkezýär.

Degişli maglumat Ozalky wise-premýeriň janyna kast edendigi aýdylýar

Türkmen hökümetiniň içindäki ynamdar çeşmäniň sözlerine görä, iri gurluşyk proýektleri korrupsiýanyň iň ýaran ýeri bolup, ýurtda prezidentden we onuň ýakynlaryndan başga ähli resminiň bir gün ol ýa-da beýleki aýyplamanyň pidasy bolmajagyna hiç bir kepillik ýok.

Resmi Aşgabat agyr korrupsiýada we ykdysady azatlyklary gazaply çäklendirmekde yzygiderli tankyt edilýär. Dünýäniň 180 ýurdunda ykdysady azatlyk boýunça geçirilen barlaglara laýyklykda, 2018-nji ýylyň Ykdysady azatlyk indeksinde Türkmenistan 169-njy orny aldy.