Ýerli ýaşaýjylar Türkmenistanda petikli sosial ulgamlara, messenjerlere ýa-da petikli maglumat saýtlaryna girende bu tilsimleriň hyzmatlaryndan peýdalanýardy.
Neşiriň maglumatyna görä, ulanyjy haçan-da VPN tilsimini telefonda işleden ýagdaýynda telefonda internet aragatnaşygy ýitýär we täze sim-kart gözlemeli bolýar.
Maglumatda aýdylmagyna görä, Google Play atly tilsim dükany häzirki wagtda Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna elýeterli däl. Olar petikli saýtlara girmek üçin Google Playden zerur bolan VPN tilsimlerini indirip, olara girip bilýärdiler.
Köp sanly düzgün bozmalardan soň, häzirlikçe tassyklanylmadyk maglumatlara görä, adamy “söhbetdeşlik üçin” MHM-ä (Milli howpsuzlyk ministrligine) hem çagyryp bilýärler diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” ýazýar.
Neşir VPN tilsimleri boýunça girizilýän täze çäklendirmeleriň anyk sebäpleriniň nämälimdigini aýdýar.
Degişli maglumat Soňky bir aý bäri Türkmenistanda Internetiň tizligi juda pesTürkmenistan Internet giňişliginde häli-şindi çäklendirmeleri girizip durýar.
Baryp ýanwar aýynyň başynda Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy Türkmenistanda soňky bir aý bäri, ýagny dekabr aýynyň dowamynda Internetiň tizliginiň juda pes bolandygyny hem-de VPN tilsimleriniň elýeterli bolmandygyny habar berdi.
“Eýýäm bir aýdan gowrak wagt bäri Internet aragatnaşygynyň ýagdaýy gaty ýaramaz. VPN hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkin däl” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy şonda gürrüň berdi.
Onuň Altyn Asyr öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň işgäriniň sözlerine salgylanyp gürrüň bermegine görä, bu internet çäklendirmeleri ilatyň döwlete dahylsyz çeşmelerden maglumat edinmek mümkinçiliklerini çäklendirmek üçin ýörite edilýär.
Noýabryň aýagynda “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” saýty ýurtda häkimiýetleriň garaşsyz habar serişdeleriniň Internet sahypalarynda teswir galdyrýan daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň ýurt içindäki dogan garyndaşlaryny “gürrüňdeşlige” çagyryp başlandygyny habar berdi.
Degişli maglumat Häkimiýetler garaşsyz çeşmelerde teswir galdyrýanlary yzarlaýar; “Onlaýn galkanlar” howpsuzlyk hödürleýärHalkara hukuk goraýjy toparlaryň ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistanda Internetiň döwlet tarapyndan ýiti çäklendirilýändigi tankyt edilýär.
Türkmenistanda Facebook, Twitter, VKontakte we Odnoklassniki ýaly dünýä meşhur sosial saýtlar, şeýle-de WhatsApp, Telegram, WeChat we şuňa meňzeş tilsimler petikli bolmagynda galýar.
Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň we Türkmenistan barada obýektiw habarlary çap edýän beýleki garaşsyz neşirleriň websaýtlary ýurt içinde petikli bolmagynda galýar.
Şu günler Azatlyk Radiosy türkmen hökümetine Interneti çäklendirmekde ýakyndan ýardam berýän daşary ýurt kompaniýasy barada maglumat taýýarlaýar. Bu maglumat gysga wagtyň içinde okyjylara we diňleýjilere ýetiriler.