Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän HRW bu barada adam hukuklaryna bagyşlap çap edýän ýyllyk hasabatynda belläp geçýär.
“Merkezi Aziýanyň 105 millionlyk ilatynyň durmuşlaryny gowulandyrmak üçin adam hukuklaryndaky özgerişler ykdysady ösüşler we regional hyzmatdaşlygy bilen egin-egne gitmelidir” diýip, guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Hugh Williamson aýtdy.
Williamson Merkezi Aziýa liderleriniň “tankydy seslere ýol bermelidigini we syýasy matlaply tussag etmeler, gynamalar ýaly rehimsiz kanun bozmalary togtatmalydygyny” hem sözüne goşdy.
Hasabatda bellenmegine görä, geçen ýyl özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew “serhet-aşa hyzmatdaşlygyny ösdürmek we ýurduň içindäki adam hukuklarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça ädimleri ädipdir”. Şol bir wagtda, prezident Sooronbaý Jeenbekowyň ýolbaşçylygyndaky goňşy Gyrgyzystanda “media we söz azatlygyna edilýän hüjümler azalypdyr”.
Emma, HRW regionyň Täjigistan we Türkmenistan ýaly döwletlerinde adam hukuklary ýagdaýlarynyň has-da ýaramazlaşandygyna ünsi çekdi.
Hasabatda “Gazagystanda adam hukuklary meselesinde manyly özgerişlikleriň bolmandygy” bellenildi.
Williamson ABŞ-a, Ýewropa Bileleşigine we beýleki hyzmatdaşlara ýüzlenip, Merkezi Aziýada “adam hukuklary meselesi göz öňünde tutulmadyk islendik reformanyň puja çykjakdygyny” açyk äşgär etmäge çagyrdy.