“Türkmenistan korrupsiýa çümdi, şol sebäpden Türkiýä gelýäris” diýen at bilen çap edilen makalada Türkiýä gazanç gözleginde gelen türkmenistanlylaryň sözleri getirilýär.
Neşiriň türkmenistanly gürrüňdeşiniň adynyň baş harpy Ş diýlip tutulýar. Ol Türkmenistanda parahorlygyň ýeten derejesini agyr sözler bilen düşündirýär. Ş. ýurduň ýolbaşçysynyň “korrupsiýa çümendigini” aýdýar, “5-6 millionlyk ilaty doýrup bilenok. Türkmenistanyň işe ýarawly ilatynyň tas hemmesi zähmet migranty hökmünde ýa Orsýete, ýa-da Türkiýä gaçyp gaýtdy” diýip, türkmenistanly Ş. Timeturk neşiriniň soraglaryna jogap berýär.
“Bir hojalykda 10 adam ýaşaýan bolsa, şonuň ýarysy eklenç gözleginde Türkiýä işlemäge gaýdýar” diýip, Ş. gürrüňe dowam edýär.
Degişli maglumat Türkmenistanyň daşary ýurtly maýadarlara hödürleýän biznes şertleri “durnuksyz” we “howply”“Aslynda biziň ýurdumyzyň baýlyklary köp. Tebigy gaz bar, altyn bar ýöne işletmeýärler. Şol sebäpden biz daşary ýurtlara çykýarys” diýip, türkmenistanly migrant gürrüň berýär.
“Mysal üçin, Türkmenistanda bir adamyň 12 goýuny bar bolsa, şonuň altysyny elinden alýarlar. Mal-mülküňe göz dikýärler” diýip, ol aýdýar.
Neşiriň maglumatyna görä, adynyň baş harpy Ş-dan başlanýan türkmenistanly öz ýurdunda ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin soralýan aşa gymmat töleg sebäpli Türkmenistanda ýokary bilim alyp bilmändir. Şeýle-de, maglumatda onuň maşgalada 9 doganyň arasynda körpesidigi bellenýär. Türk neşiriniň türkmenistanly söhbetdeşi türkiýeli bir aýalyň öýünde hyzmatçylyk edýär, pul ýygnap maşgala gurmak isleýär.
Neşir türkmenistanly gürrüňdeşini tassyklatmak üçin Business-anti-corruption.com saýtynyň maglumatyna salgylanýar.
Onda Türkmenistanda korrupsiýanyň ýeten derejesine üns çekilýär. Türkmenistanda “uly proýektlere gatnaşmak üçin prezidentden rugsat almaly. Bäsdeşlik ýok, kanun we gözegçilik ýok. Ýurtda dilden korrupsiýa garşy göreşiň alnyp barylýandygy aýdylýar” diýlip, maglumatda Türkmenistanda alnyp barylýan korrupsiýa barlaglarynyň örän ejizdigine, ýurtda ýeke adamyň agzyna garalýandygyna hem-de režimiň öz garşydaşlaryny senzuralaýandygyna ünsi çekilýär, munuň netijesinde, ýurtda derňew işlerini geçirmegiň mümkin däldigi aýdylýar.
Degişli maglumat Korrupsiýa garşy göreşmeýän “Anti-korrupsiýa” kampaniýalaryMaglumatda ýurtda suduň güýjüniň ýokdugy, onuň syýasylaşandygy hem-de prezidentiň karary bilen suduň çykaran höküminiň üýtgedilýändigi aýdylýar.
Malgumatda güýç edaralarynyň rahat para soraýandygy, döwlet işinde parahorlygyň aňrybaş derejä baryp ýetendigi aýdylýar.
“Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda korrupsiýa giň ýaýran” diýip, neşir ýazýar.
Türk neşiriniň çap eden makalanyň soňunda Türkmenistanda media azatlygynyň ýokdugy nygtalýar.
Türkmen resmileri ýa-da döwlet mediasy daşary ýurt habar serişdelerinde çykýan şeýle häsiýetli habarlara köplenç reaksiýa görkezmeýär.