Özbegistanda Türkmenistandan gelen ýük otlusynyň wagonlarynyň biriniň içinde partladyjy serişdeleri çykdy, diýip Sputnik-Täjigistan habar agentligi maglumat berýär.
Maglumata görä, Özbegistanyň Surhanderýa oblastynyň gümrükçileri Türkmenistandan gelen otlyda 200 gram trotil şaşkasyny we detonatory tapypdyrlar.
Munuň bilen baglylykda, “partladyjy serişdeleriň gaçakçylygy” maddasy esasynda jenaýat işi gozgalypdyr.
Surhanderýa oblasty Özbegistanyň günortasynda ýerleşip, ol Owganystan, Täjigistan we Türkmenistan bilen serhetleşýär.