Russiýanyň Rostow regionyndaky dokuz gatly bir jaýda dörän partlamada azyndan bir adam öldi. Bu barada Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi habar berdi.
Şahty şäherinde ýüze çykan hadysada binanyň ýokarky iki gatynda ýerleşen dört kwartira weýran boldy.
Ministrlik dört adamyň entek hem tapylmandygyny aýdýar.
TASS habar agentligi wakanyň ýüze çykan sebitinde gözleg, halas ediş işleriniň geçirilýändigini habar berýär.
Derňewçiler hadysanyň gazyň partlamagy netijesinde ýüze çykandygyny we bu iş boýunça degişli derňewiň başladylandygyny mälim etdiler.
Mundan öň, 31-nji dekabr güni Russiýanyň Magnitagorsk şäherinde hem şuňa meňžeş hadysa ýüze çykypdy. Uralyň günorta şäherinde bolan partlamada 39 adam ölüpdi. Derňewçiler partlama gazyň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini aýtdylar.