ABŞ Polşada Eýrana gönükdirilen maslahat geçirjegini aýdýar

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Kairdäki Amerikan uniwersitetinde çykyş edýär. 10-njy ýanwar, 2019.

Birleşen Ştatlar gelýän aýda Polşada Ýakyn Gündogar, hususan-da Eýran barada maslahatlaşmak üçin global konferensiýa beýemçilik eder.

ABŞ-nyň Döwlet departamaneti 11-nji ýanwarda beýanat çap edip, Warşawadaky konferensiýanyň 13-14-nji fewralda boljakdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo telewideniýede berlen söhbetdeşlikde bu konferensiýanyň “Ýakyn Gündogardaky durnuklylyga we parahatçylyga, şeýle-de regiondaky azatlyga we howpsuzlyga gönükdirljekdigini, şol sanda onuň wajyp bir elemeti öz içine alýandygyny, munuň Eýranyň durnuksyzlaşdyryjy täsiriniň bolmazlygyna göz ýetirmekdigini” aýtdy.

Bu duşuşyk, Döwlet departamentiniň çap eden beýanatynda görkezilmegine görä, “dünýäniň çar künjeginden, Aziýadan, Afrikadan, Günbatar ýarymşar ýurtlaryndan, Ýewropadan we Ýakyn Gündogardan onlarça ýurduň gatnaşmagynda geçiriler”.

Ýakyn Gündogar ýurtlaryna sapar edýän Maýk Pompeo Birleşen Ştatlaryň Eýrana basyş görkezmek tagallalaryny has-da güýçlendirýändigini aýtdy.