Berdimuhamedow işe girizilmeli wagty yza çeken Owadandepedäki benzin zawodynda işleriň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owadandepede gurulýan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy, 10-njy ýanwar, 2018-nji ýyl.

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Owadandepede gurulýan, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habar agentligi habar berýär.

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Owadandepede gurulýan, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habar agentligi habar berýär.

Habarda aýdylmagyna görä, bu kärhanany şu ýyl ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Ýöne ilkibaşda muny geçen ýyl işe girizmek meýilleşdirilipdi.

Prezident saparyň dowamynda energiýa pudagynyň resmileri bilen gysgaça maslahat geçirdi.

Ministrler Kabinetiniň başlygynyň ýurduň energiýa pudagyna gözegçilik edýän orunbasary Myratgeldi Meredow alnyp barylýan işler barada hasabat bilen çykyş etdi.

Wise-premýer tebigy gazdan benzin öndürýän bu zawodyň “gurluşyk-gurnama işleriniň doly tamamlanandygyny” aýtdy. Ol zawodyň synag işlerini başlamak üçin prezidentden “ak pata” haýyş etdi.

TDH bu zawodyň Türkmenistanyň “Türkmengaz”, Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd” we Türkiýäniň “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bilelikde gurulýandygyny habar berýär.

Bu zawodda tebigy gazdan A-92 markaly benzin, dizel ýangyjy we suwuklandyrylan gaz öndüriler.

Taslamanyň bahasy 1 milliard 700 million dollar bolup, ony Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky maliýeleşdirýär.

Degişli maglumat Lebapda A-80 markaly benziniň we dizel ýangyjynyň gytçylygy dowam edýär

2014-nji ýylyň awgust aýynda bu zawodyň düýbi tutuldy. Onuň düýbüni tutmak dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi gatnaşypdy.

Aradan iki ýyl geçenden soň, 2016-njy ýylyň awgustynda “Gündogar-Günbatar magistral gaz geçirijisiniň 304-nji kilometrinde Owadandepede gurulýan zawod üçin turbalary çekmek işi başlandy” diýip, Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň elektron gazeti habar berdi.

Berdimuhamedow bu kärhananyň gurluşygy bilen 2017-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda-da tanşypdy. Şonda döwlet metbugaty bu zawodyň 2018-nji ýylda ulanylmaga beriljekdigini habar beripdi.

Şondan bir ýyl geçensoň, 2018-nji ýylyň 15-nji maýynda we 4-nji sentýabrynda türkmen prezidenti Owadandepede gurulýan bu zawodda alnyp barylýan işler bilen dikuçarly tanyşdy.

Indi TDH bu senagat kärhanasynyň 2019-njy ýylda işe giriziljekdigini aýdýar. Onuň 800-den gowrak adamy iş orunlary bilen üpjün etjekdigini nygtaýar.

Bu kärhananyň işe girizilmeli wagtynyň näme sebäpden yza süýşürilendigi nämälimliginde galýar.

Ýöne, mundan ozal, Azatlyk Radiosy Türkmenistanda döwlete degişli we hususy kompaniýalaryň daşary ýurtly partnýorlaryna bergilerini töläp bilmeýändikleri barada maglumat çap edipdi.

Kiprli "I.C. Intercomplect Ltd" kompaniýasynyň hukuk wekili hökmünde çykyş edýän "CIS Debt Recovery Solutions" atly şirketiň resmisi Taras Kopiý 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Azatlyga beren maglumatynda özleriniň Türkmenistanyň “Türkmennebit” döwlet konsernininden bäş ýyl bäri 8 million dollarlyk algylaryny almaga netijesiz synanyşýandyklaryny gürrüň beripdi.

Degişli maglumat Taksi nyrhlary 'keýigiň şahyna çykdy', ýaşaýjylar benzin bahalaryny 'gaýgy edýär'

Türkmenistanyň gurluşyk firmalarynda zähmet çeken onlarça türkiýeli gurluşykçylar özleriniň iki ýyl bäri türkmen firmalaryndan jemi 800 müň dollar töweregi zähmet haklaryny alyp bilmeýändiklerini aýdyp geçen ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň öňünde piket geçirmäge synanyşdy.

2018-nji ýylyň soňky çärýeginde Germaniýanyň “Unionmatex” we Türkiýäniň “Seçe inşaat” kompaniýalary Bütindünýä bankynyň binýadyndaky Inwestisiýa dawalaryna seredýän halkara merkezde algy-bergi meselesi boýunça Türkmenistany şikaýat etdi.

Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürýän zawod üçin “ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Gollandiýanyň, Şwesiýanyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Hindistanyň we beýlekileriň kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary satyn alyndy” diýip, TDH ýazýar.

Türkmen prezidenti işe girizilmeli wagty yza süýşürilen Owadandepedäki täze benzin zawodda A-95 markaly benzin öndürmegiň mümkinçiliklerine-de seredilmegi tabşyrypdyr.

Ýatlasak, geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň prezidenti Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň “netijesiz” işi bilen baglylykda Belarusyň “Belgorhimprom” kompaniýasyny hem Halkara arbitraž suduna bermek barada wise-premýer Kerim Durdymyradowa tabşyryk beripdi. Durdymyradow 14-nji dekabrda “düýbi kemçilikler” sebäpli wezipesinden boşadyldy.