Türkmenistanyň prezidenti sowgat alan taýyny taryplap, täze goşgy ýazdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, TDH-nyň suraty.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy ýanwarda Halkara ahalteke atçylyk toplumyna baryp, ol ýerdäki iş otagynda bir gün ozal özüne sowgat berlen taýçanak hakynda goşgy ýazdy.

Bu taý, 2019-njy ýylyň ilkinji gününde doguldy diýip, prezidente IIM-niň başlygy Isgender Mulikow tarapyndan, ähli güýç gurluşlarynyň adyndan sowgat berildi we oňa döwlet baştutanynyň at dakmagy soraldy.

Berdimuhamedow bu taýa, “Türkmenistan - rowaçlygyň Watany” şygary astynda geçýän ýylyň başynda doglany üçin, “Rowaç” diýip at dakdy.

Berdimuhamedow mundan öň at hakyndaky pikirlerini esasan kyssada beýan edýärdi we “Rowaç” diýen at bilen çap edilen goşgy onuň türkmen bedewine bagyşlan ilkinji poeziýa eseri bolup görünýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazyjylyk, şahyrlyk, aýdym-saz we beýleki talantlary 2007-nji ýylda prezident bolandan soň mälim bolup başlady. Onuň eserleriniň muşdaklary prezidentiň galamyndan çykan kitaplaryň sanynyň 12 ýylda 50-den aşandygyny aýdýarlar.