Türkmenistanda ýaşaýyş jaý tölegleriniň täze nyrhlary mälim edildi

Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň paýtagtynda ýaşaýyş jaý tölegleriniň täze nyrhlary köpçülige mälim edildi.

Soňky günlerde Aşgabadyň öý dolandyryş edaralarynda ýerleşdirilen bildirişde ýaşaýyş jaý üçin tölegiň her bir kwadrat metriniň bahasy 1 manat möçberinde görkezilýär. Ýyladyş, kanalizasiýa we suw üpjünçilik hyzmatlarynyň bahasy aýratyn görkezilýär. Ýyladyş - jaýyň 1 m2 üçin 0.5 manat, suw - 1 m3 üçin 0.5 manat we kanalizasiýa her aýda adam başyna 0.4 manat möçberinde görkezilýär.

Täze nyrhlar, Aşgabat, 7-nji ýanwar, 2019

Kommunal hyzmatlaryň nyrhlaryny görkezýän bildirişiň nusgasy Azatlyk Radiosyna gowuşdy.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylaryň sözlerine görä, agzalan bu nyrhlar hususy eýeçiliginde bolmadyk jaýlara degişli.

Hususy eýeçiligindäki jaýlar üçin tölegleriň täze nyrhlaryny entek anyklaşdyryp bolmady.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýaşaýyş jaý tölegleriniň möçberi birnäçe gezek üýtgedildi.

"Meniň dört otagly kwartiram bar. Köp ýyllaryň dowamynda men jaý üçin 20 manat çemesi töläpdim, soň nyrhlar esli ýokarlandy we men ýylda 200 manat tölemeli boldum. 2017-nji ýylda jaýy hususylaşdyranymdan soň men ýylda diňe 7 manat töleýärdim" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Munuň öňüsyrasynda ​Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary öý dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň we köçe süpürijileriň Parahat etrapçasynda jaýlara aýlanyp, ýaşaýjylara tutuş ýylyň kommunal hyzmatlary üçin töleg kwitansiýalaryny paýlaýandygyny habar beripdi.

“Köpetdag etrabynyň ýaşaýyş jaýlaryny ulanyş tresti tarapyndan çykarylan töleg hatyny şäher edaralarynyň işgärleriniň özleri doldurypdyrlar. Ortaça 54 m2 jaýyň ýyllyk tölegi 2018-nji ýylda 400 manada barabardy. Şu ýyldan başlap bu töleg 893 manat 20 teňňe edildi. Bu tölegleriň ýaşaýyş jaý, ýyladyş we zir-zibilleri ýygnamak hyzmatlary üçin alynýandygy aýdylýar. Ýöne bu hyzmatlaryň her biri üçin anyk näçe tölegiň alynýandygy aýdyňlaşdyrylmaýar” diýip, habarçymyz 4-nji ýanwarda habar berdi.

Degişli maglumat Türkmenistanda ýaşaýyş jaý tölegi soňky bäş ýylda 60 esse gymmatlady

Mundan daşary, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, şäher häkimiýetleri ilatyň ozalky ýyllaryň kommunal hyzmatlary üçin bergilerini talap etmek boýunça çärelerini güýçlendiripdir.

"Meniň pensioner zenan tanyşym täze ýylyň öňýany uly nobatlar sebäpli suw üçin tölegi töläp bilmändi. Ony 2018-nji ýylyň ýyladyşy üçin 100 manat tölemäge mejbur etdiler, ýogsa-da onuň öýünde merkezleşdirilen ýyladyş üçin batareýa ýok", diýip Aşgabatdaky habarçymyz aýdýar.

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryň gyşda ýyladylmagy ýaşaýjylaryň ençemesi üçin ýyllarboýy agyr mesele bolmagynda galýar.

Ýaşaýyş jaýlarda ýyladyş sistemasy yzygiderli häsiýetde öçürilýär. Ýaşaýjylaryň sözlerine görä, umuman bu hyzmatyň hili pes, köplenç batareýalar işleýän wagtynda-da 'çala ýyly' bolýar. Üstesine, ýaşaýyş jaýlarda merkezleşdirilen ýyladyş sistemasy göz öňünde tutulan hem bolsa, köp jaýlarda batareýalar ýok.

Degişli maglumat Aşgabadyň 5-nji etrapçasynyň ýaşaýjylary Täze ýyly sowuk jaýlarda we gazylan köçelerde garşylaýar

"Köpleriň batareýalary dürli sebäplerden kesilen we olar öz jaýlaryny elektrik peçler ýa-da split sistemalar bilen ýyladýarlar, emma olary [merkezleşdirilen] ýyladyş üçin tölemäge mejbur edýärler. 'Bu siziň problemaňyz batareýaňyz bolmasa, tölemäge borçly' diýýärler. Meniň özümde-de şuňa meňzeş ýagdaý. Men batareýalary bir wagtlar kesip aýyrdym, sebäbi olardan suw akýardy, çoýundan edileni üçin bolsa pulum bolmandy. Şeýle-de, ýyllarboýy ýyladyş örän ýaramazdy. Emma men tölemekçi däl, men göreşerin", diýip, Azatlyk bilen gizlinlik şertlerinde gürrüňdeş bolan aşgabatly zenan aýtdy.

Aşgabadyň ýaşaýjylary şäherde kanalizasiýanyň näsazlygynyň hem alada we oňaýsyzlyk döredýändigini aýdýarlar.

"Köne kanalizasiýa turbalaryna, şeýle-de, köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylaryň arasynda pes hojalyk medeniýetine degişli problema hem bar, olar pampersleri we beýleki hojalyk zir-zibilleri kanalizasiýa goýberýärler" diýip, söhbetdeşlerimiziň biri aýtdy.

2019-njy ýylyň başyndan gazyň we suwuň nyrhlarynyň kesgitlenmegine garaşylypdy.

2018-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň indi has gowy ýaşaýandygyny yglan etdi we "kommunal hyzmatlaryna gaýtadan seretmegi" tabşyryp, gaz, suw hem tok ýeňilliklerini doly ýatyrmagy karar etdi.