Düşündiriş: Trampyň diwarynyň öňündäki böwetler

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýurduň täze býujetinde Meksika bilen araçäkdäki diwar üçin 5.6 milliard dollar möçberinde maliýe serişdeleriniň göz öňünde tutulmagyny gazanjak bolýar. Şol bir wagtda, Kongresdäki Demokrat liderler diwar üçin goşmaça maliýe goýbermekden ýüz öwürýärler. Täze Kongresde Wekiller Öýünde köplüge eýe bolan Demokratlar serhetiň howpsuzlygy üçin, geçen ýylda hem bolşy ýaly, 1.3 milliard dollar harçlamaga meýilli.

Diwary gurmak Trampyň saýlaw kampaniýasynyň esasy wadalarynyň biri bolupdy. Ol diwar üçin maliýe çykdajylaryny göz öňünde tutmaýan islendik federal býujetine gol goýmajakdygyny duýdurdy. Býujet ugrundaky petige dirän gepleşikler hökümetiň işiniň bölekleýin togtamagyna getirdi. 8-nji ýanwarda hökümetiň bölekleýin togtamagy tertip 18-nji gününe girdi.

Tramp Meksikadan Birleşen Ştatlara gelýän bikanun migrantlaryň we neşe gaçakçylygynyň öňüni almak üçin diwaryň zerurdygyny aýdýar.

Tramp özüniň 2016-njy ýyldaky prezidentlik kampaniýasy döwri diwar üçin Meksikanyň pul çykarjakdygyny aýdypdy. Meksika öz gezeginde mundan ýüz öwüripdi.

Demokratlar we beýleki tankytçylar bular ýaly böwediň zerurlygyny sorag astyna alýarlar. Olar Trampy faktlary we sanlary ýoýup, ýurduň günorta serhedindäki meseleleri artdyryp görkezmek synanyşyklarynda aýyplaýarlar.

Tramp we onuň topary serhetden “terroristleriň” gelýändigini öňe sürýärler.

“Günorta serhedimizden terroristler gelýärler. Olar munuň özleri üçin juda ýeňil ýoldugyny çaklaýarlar. Olar saga sowulýarlar, soňra-da çepe öwrülýärler” diýip, Tramp 4-nji ýanwarda çykyş etdi.

Mundan iki gün soň, Ak Tamyň metbugat wekili Sarah Hukabee Sanders bu görkezijileriň müňlerçä ýetýändigini aýtdy.

“Biz ýurdumyza 4 müň töweregi bilinýän ýa-da çaklanylýan terroristiň bikanun girýändigini bilýäris. Şeýle-de, biz günorta serhedimiziň juda gowşakdygyny bilýäris” diýip, ol 6-njy ýanwarda Fox News Sunday gepleşiginde çykyş etdi.

Emma, bu öňe sürmelere delil bolar ýaly maglumatlar ýok.

Libertarian CATO Institutynyň maglumatyna görä, 1975-2017-nji ýyllar aralygynda Birleşen Ştatlara bikanun giren ýedi şahsyýet ABŞ-da hüjümleri amala aşyrmak synanyşyklarynda günäli tapylypdyrlar. Olaryň hiç biri Meksikadan gelmändir.

Trampa diwary gurmak üçin, maliýe serişdeleri gerek. Bu hem federal býujetden alynmaly. Prezident býujete teklipleri hödürlese-de, bu Kongresiň garamagyndaky mesele bolmagynda galýar. Prezidentiň býujet teklibiniň maslahat beriş häsiýeti bolup, ol, aglaba ýagdaýda, nazardan düşürilýär. Konstitusiýa laýyklykda, maliýe serişdeleriniň bölünişigini Kongres kesgitleýär.

Emma Tramp diwary gurmak üçin, Kongresden sowa geçer ýaly, prezidentiň adatdan daşary ygtyýarlyklaryndan peýdalanmak mümkinçilikleri barada gürrüň edýär.

“Men muny islesem, ederin. Biz adatdan daşary ýagdaýy yglan edip bileris. Men muny edip bilerin” diýip, Tramp 4-nji ýanwarda çykyş etdi.

Trampyň bu haýbatlary ABŞ-da onuň muny etmäge ygtyýarlygynyň bardygy ýa-da ýokdugy dogrusynda çekeleşikleri döretdi.

Demokratlar muňa “ýok” diýip jogap berýärler.

Wekiler Öýüne Demokratlaryň gözegçilik edýändigi nazarda tutulanda, olaryň Tramyň günorta serhetde adatdan daşary ýagdaýlary yglan etmek netijesine garşy ses berilişigi çagyrjakdygyny çaklap bolýar.

Bu ýagdaýda Tramp Kongresi serhetdäki ýagdaýlaryň “adatdan daşarydygyny” ynandyrmaly bolar.

2017-nji ýylda Tramp serhet gorag proýektleri üçin 1.6 milliard dollar maliýe serişdesiniň goýberilmegini gazanypdy. Emma, olar bar bolan germewleri berkitmäge gönükdirilip, täze gurluşyklary göz öňünde tutmaýar.