ÝB Eýranyň aňtaw gulluklaryna garşy sanksiýalary girizdi

ÝB-niň baýdaklary

Ýewropa Bileleşigi Eýranyň aňtaw gulluklaryna we iki raýatyna garşy täze sanksiýalary girizdi. Bu Tähranyň Ýewropadaky garşydaşlarynyň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanandan soň kabul edildi.

Tähran bu aýyplamalary inkär edýär. Ol munuň Eýran bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ýaramazlaşdyrmak üçin edilendigini öňe sürýär.

Ýewropa Bileleşiginiň metbugat wekili sanskiýalara düşenleriň şahsyýetleriniň 9-njy ýanwarda mälim ediljekdigini aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi olary Daniýada, Gollandiýada we Fransiýada eýran hökümetiň garşydaşlaryna garşy hüjümleri amala aşyrmak synanyşyklarynda aýyplaýar.

Daniýanyň premýer-ministri Lars Lokke Rasmussen kabul edilen karary oňlap çykyş etdi.