Prawoslaw hristianlary mukaddes güni garşylamak üçin 7-nji ýanwarda Moskwada, Beýtlahmde, Ierusalimde, Kairde we dünýäniň beýleki şäherlerinde ýygnanyp, Roždestwo baýramyny bellediler.
Bu baýram günbatar ýurtlarynyň aglabasynda Gregoriýan kalendaryna eýerilip, 25-nji dekabrda geçirilýär.
Orsýetdäki, Ukrainadaky, Gürjüstandaky, Serbiýadaky we Ierusalimdäki kiliseleri öz içine alýan prawoslaw kiliseleri Roždestwo baýramyny gadymy Ýuliýan kalderyna esaslanyp, 7-nji ýanwarda belleýärler.
Amerikanyň prawoslaw kilisesi bolsa bu baýramy 6-njy ýanwarda belleýär.
Rumyniýadaky, Gresiýadaky we Bolgariýadaky prawoslaw kiliseleri hem Roždestwo baýramyny Gregoriýan kalendaryna eýerip, 25-nji dekabrda belleýärler.
Roždestwo baýramy bu ýyl prawoslaw hristianlarynyň kynçylykly günleri başdan geçirýän mahalyna gabat geldi.
Oktýabr aýynda Ukraina öz garaşsyz kilisesini gurmagy prawoslaw hristianlarynyň ruhy lideri Stambuldaky Ekumenikal patriarha tassyklatdy. Bu bolsa Orsýetiň berk garşylygy bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Ukrainleriň garaşsyz kilise gurmak baradaky tagallalarynyň has güýçlenmegine getiren ýagdaý Orsýetiň 2014-nji ýylyň martynda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny zor bilen özüne birikdirip, ondan az wagt soňra hem ýurduň gündogaryndaky Denetsk we Luhansk regionlarynda separatistleri goldamagy boldy.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Sankt-Peterburgda Transfigurasiýa ybadathanasyna Roždestwo mynasybetli Isa Mesihiň ikonasyny sowgat etdi. Moskwadaky ybadat çäreleri bolsa Orsýetiň prawoslaw kilisesiniň başlygy Patriarh Kiriliň ýolbaşçylygynda geçdi.
Gije ýary geçirilýän Roždestwo ybadatyna gatnaşmak ors liderleri üçin däp hasaplanýar. Sowet döwründe bolsa olaryň käbiri, KGB-niň uzak ýyllyk işgäri bolan Putin ýaly, kommunistik düzgüni goldardylar.
Beýtlehmde ýüzlerçe adam Roždestwony grek prawoslaw patriarhy Theofilos üçünji bilen birlikde Natiwiti kilisesinde gutladylar. Aýdylyşyna görä, bu kilise Isa Mesihiň doglan ýerinde gurlupdyr.
Palestinanyň polisiýasynyň gözegçiliginde onlarça demonstrant grek prawoslaw kilisesiniň esasan palestinalylara degişli gündogar Ierusalimdäki emlägini ýewreýlere satmagyna protest bildirip, “dönük” diýip gygyryşdylar.
Kilisäniň gündogar Ierusalimdäki ýerlerini ysraýyllylaryň satyn almagy palestinalylary, şeýle hem köp sanly prawoslaw hristianlaryny gaharlandyrdy. Palestinalylar bu territoriýa özleriniň geljekki döwletiniň paýtagty diýip garaýarlar. Ysraýyl gündogar Ierusalimi anneksiýa etdi. Ýöne onuň bu hereketi halkara arkalaşygy tarapyndan ykrar edilmedi.
Kairde bolsa Müsüriň prezidenti simwoliki ýagdaýda Koptik prawoslaw kilisesiniň bir ybadathanasyny, şeýle hem regionyň iň uly metjitleriniň birini açdy. Bu ýarym harby yslamçylaryň ýurduň azlyk ilaty bolan hristianlara edýän ölümli hüjümleriniň barha artýan mahalyna gabat gelýär.
Abdel Fattah al-Sisi dini agzybirligi özüne syýasy maksat edinendigini aýtsa-da, ol hristianlary we beýleki azlyklary goramak üçin ýeterlik iş etmezlikde aýyplanýar.
“Bu bir taryhy we ähmiýetli ýagdaý. Ýöne biz şu gün şu ýerde bilelikde eken söýgi agajymyzy ýene goramaly, sebäbi hökümete garşy wagyzlar hiç haçan ýatmaz” diýip, Sisi ybadathanada eden çykyşynda aýtdy.