Kandagardaky jeňçi hüjüminde serhet goragçylarynyň ýedisi öldürildi 

Kandagarly oglanjyk. 20-nji dekabr, 2018. Arhiw suraty.

Jeňçiler Owganystanyň günortasyndaky Kandagar welaýatynda barlag nokadyna hüjüm edip, ýedi serhetçini öldürdiler diýip, resmiler 5-nji ýanwarda aýtdylar.

Spin Bolduk etrabynda guralan hüjümde dört serhetçi ýaralandy diýip, welaýat gubernatorynyň sözçüsi aýtdy.

4-nji ýanwar güni giçlik bolan ýaragly çaknyşykda 16 jeňçi öldürildi, 11 jeňçi ýaralandy diýip, sözçi Aziz Ahmad Azizi sözüniň üstüni ýetdirdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç topar öz üstüne almady.