Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen sanlara görä, ýurda et we şöhlat önümleriniň 39,7%-i, balyk önümleriniň 33,9%-i, süýt önümleriniň 59,5%-i, süýji-köke önümleriniň 48,5%-i, unaş önümleriniň 41,9%-i, miwe suwlarynyň we alkogolsyz içgileriň 94,1%-i az getirilipdir.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow öz hasabatynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň birnäçesine alyjylaryň islegleriniň öwrenilendigini hem-de olary yzygiderli satyn almak boýunça işleriň geçirilendigini aýtdy.
Emma, Gylyjow ýurtda öndürilen azyk önümleriniň möçberi barada hiç zat aýtmady.
Muňa derek, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow "ýurtda öndürilen azyk önümleriniň artyk möçberini" daşary ýurtlara ibermegiň täze ugurlaryny gözlemek babatda tabşyryklary berdi.
Degişli maglumat Türkmenistanda ýaşaýyş jaý tölegi soňky bäş ýylda 60 esse gymmatladyGylyjow häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan maldarçylyk toplumlarynyň, günebakar ýagyny, şeker, guş etini, ýumurtga, iým we beýlekileri öndürýän kärhanalaryň gurulýandygyny aýdyp, olaryň öndürýän azyk önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän mukdarynyň hem artandygyny öňe sürdi.
Azatlyk Radiosy ýurtda azyk önümleriniň ýetmezçiligi barada dowamly maglumatlary berip gelýär.
Şol bir wagtda, döwlet emeldarlary we mediasy ýurtda “azyk bolçulygynyň dowam edýändigini” tekrarlaýarlar.