Orsýetiň Galmygystan regiony galmyklaryň sowet diktatory Iosif Stalin tarapyndan Sibire köpçülikleýin sürgün edilmeginiň 75-nji ýyl dönümini belleýär.
28-nji dekabrda Galmygystanyň buddist ybadathanalarynda geçirilen dini ybadatlar 1943-1956-njy ýyllaryň deporasiýasynyň netijesinde ýogalanlaryň hatyrasyna matam tutdular.
Müňlerçe adam Galmygystanyň paýtagty Elistanyň merkezinde dikilen "Gidiş we gaýdyş" atly ýadygärligiň öňünde geçirilen matam çäresine gatnaşdy. Ýadygärligi amerikan-rus skulptory Ernst Neizwestnyý döretdi.
Mongol dilinde gepleýän esasan buddizm dinine uýýan galmyklar 1940-njy ýyllarda nasistik Germaniýa bilen hyzmatdaşlykda aýyplanyp, ýaşaýan ýerinden zor bilen Sibire göçürlen halklaryň biri.
1943-nji ýylyň 28-nji dekabrynda 100 müň çemesi galmyk mal daşaýan wagonlara ýüklenip, Sibire sürgün edilipdi. Resmi bolmadyk sanlara görä, olaryň azyndan üçden bir bölegi ýolda heläk bolupdyr. Sürgünlikde aman galanlara 1956-njy ýylda Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionynyň golaýynda ýerleşýän Galmygystana dolanmaga rugsat berildi.