Türkmenleriň syýasy işjeňligi: Yragyň türkmen partiýalary birleşýärmi? Owgan we eýran türkmenleri syýasata goşulýarmy?

Yrakly türkmenler. Arhiwden alnan surat

“Dünýä Türkmenleriniň” bu günki sanynda Yrakda, Owganystanda we Eýranda ýaşaýan etniki türkmenleriň syýasy işjeňligi barada gürrüň edýäris.

17-nji dekabrda Russiýanyň “Regnum” federal habar agentligi Yragyň kürt regional häkimiýetinde, ýagny Yragyň Kürdüstan regionynda täze guruljak hökümetiň binýadyndaky türkmen partiýalarynyň birleşýändigi barada habar çap etdi.

Agentlik Yragyň Kürdüstan regionynda “Türkmen frontynyň” wekilleriniň täze hökümetde diňe bir ministrlik wezipelerine däl, eýsem, prezidentiň ýa-da premýer ministriň geňeşçisi ýaly wezipelere-de döwtalap boljakdyklary barada habar berdi.

Habarda türkmenleriň bileleşjek täze frontyna “Yrak türkmen frontyndan” Erbile wekilçilik edip, deputatlyga saýlanan Aýdyn Marufyň ýolbaşçylyk etjekdigi aýdyldy.

2018-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Yragyň kürt regional häkimiýetinde parlament saýlawlary geçirilipdi. Mälim bolşy ýaly, Yrakda 2005-nji ýylda kabul edilen täze Konstitusiýa bilen federatiw döwlet gurluşy döredildi hem-de munuň esasynda Yragyň kürt regional häkimiýeti, ýagny demirgazyk Yragyň Kürdüstan regiony awtonom döwlet statusyna eýe boldy.​

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenleriň syýasy işjeňligi: Yragyň türkmen partiýalary birleşýärmi? Owgan we eýran türkmenleri syýasata goşulýarmy?

Yragyň Kürdüstan regionynyň hökümetinde türkmen fronty ýokary wezipelere döwtalap

21-nji dekabrda Azatlyk Radiosy Aýdyn Maruf bilen telefon arkaly gürrüňdeşlik geçirip, Yrak türkmenleriniň syýasy işjeňligi, olaryň häzirki wagtda alyp barýan işleri we geljekdäki maksatlary bilen gyzyklandy.

Gürrüňdeşligiň başynda ol türkmen partiýalarynyň bir frontda birleşmek boýunça heniz doly ylalaşmandygyny aýdyňlaşdyrdy.

“Yrak türkmen fronty Yrakda wajyp syýasy partiýadyr. Türkmen halky bu frontyň binýadynda, onsuzam birleşýär. Biz mundan ozal birleşmek barada maslahat etdik, ýöne bu häzirlikçe diňe “maslahatlygynda” galýar. Entek doly birleşmek barada karar kabul edilmedi. Ýöne, onsuzam, türkmenleriň aglaba bölegi Yrak türkmen frontynyň binýadynda birleşýär” diýip, deputat aýtdy.

Yragyň Kürdüstan regionynda (Yragyň kürt regional häkimiýetinde) geçirilen soňky parlament saýlawlarynda türkmenleriň “Ösüş partiýasyndan” 2 wekil, “Türkmen reformasy” partiýasyndan 1 wekil, “Türkmen frontyndan” 1 wekil deputatlyga saýlandy.

Degişli maglumat Yrakly türkmenler parlament saýlawlaryndan nämä garaşýar?

Erbilden deputatlyga saýlanan Aýdyn Maruf Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde regionda ýaşaýan türkmen ilatynyň hem-de türkmen partiýalarynyň häzirki ýagdaýy barada gürrüň berdi:

“Erbilde ýaşaýan türkmenleriň ilat sany köpdür. Biz Yragyň Kürdüstan regionynyň hökümetinde öz mynasyp ornumyzy almak isleýäris” diýip, deputat aýtdy.

Ol täze guruljak hökümetde ähli türkmen partiýalarynyň bilelikde ýokary weziplerede has işjeň rol almaga isleg bildirýändiklerini nygtady.

“Häzirki wagtda regiondaky türkmenleriň ählisiniň käbir islegleri bar. Olaryň islegleri şulardyr, ýagny biz hökümetde premýer ministriň orunbasary wezipesiniň türkmenlere berilmegini isleýäris, sebäbi biz türkmenleriň döwletiň syýasy kararlaryna gatnaşmagyny isleýäris, olaryň syýasy meselelere işjeň gatnaşmagyny isleýäris. Şol sebäpden, biz türkmenlerden jogapkär ministrlik ýa-da sekratarlyk, müdirlik talap edýäris. Biz türkmenleriň hökümetde täsirli rol almaklary üçin işler alyp barýarys” diýip, parlamente Erbilden deputatlyga saýlanan Aýdyn Maruf aýtdy.

Ol 16-njy dekabrda Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadoly” habar agentligine beren interwýusynda-da Yragyň kürt regional häkimiýetinde guruljak hökümetde türkmenleriň meselelerine seredýän ministrligiň, geňeşiň ýa-da müdirligiň gurulmagyny özleriniň talap edýändigini nygtapdy.

“Anadoly” habar agentligine beren interwýusyndan soň Aýdyn Marufyň Yragyň Kürdüstan regionynda ýaşaýan türkmen ilatynyň täze guruljak hökümetdäki talaplary barada aýdan sözleri Türkiýäniň iri gazetlerinde, şol sanda “Hürriyet”, “Star” we “Yeni Akit” ýaly neşirlerinde sitirlendi.

Partiýalaryň atlarynda türkmen sözüniň ulanylmagy

Russiýanyň hökümete degişli bolmadyk “Regnum” neşiri “Yrak türkmen frontynyň” birleşjekdigi barada 17-nji dekabrda çap eden habarynda regionda hereket edýän türkmen partiýalarynyň atlaryny getirende olaryň atlarynda Türkmenistan sözüni ulandy.

“Türkmenistanyň halk partiýasy”, “Türkmenistanyň ösüş partiýasy”, “Türkmen reformasy partiýasy” we “Yragyň türkmen fronty” birleşýär diýip, Regnum ýazýar.

Azatlyk Radiosy Yrakda hereket edýän türkmen partiýlarynyň atlarynda Türkmenistan sözüniň ulanylmagy barada deputat Marufyň garaýyşlaryny sorady. Ol Yrakdaky türkmen partiýalarynda Türkmenistan sözüniň ýokdugyny, muňa derek türkmen sözüniň ulanylandygyny aýdyňlaşdyryp, degişli habarda ýalňyşlyga ýol berlen bolmagynyň ahmaldygyny belledi.

Düşünişmezlik bolandyr, partiýalaryň atlarynda “Türkmenistan” sözi agzalmaýar, ýöne “türkmen” sözi ulanylýar. Onsuzam, ýüzýyllyklaryň dowamynda Osman imperiýasyndan bäri biz “türkmen” sözüni ulanyp gelýäris. Biz Yrakda ýaşaýan türkmenlerdiris” diýip, Maruf partiýalaryň atlary boýunça dörän gümürtikligi aýdyňlaşdyrdy.

Türkmenistanda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi döredildi hem-de bu birleşik dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenleriň wekillerini Aşgabada çagyryp maslahat geçirýär. Erbilli deputat Aýdyn Maruf şu wagtda çenli özlerine şeýle gurultaýlar barada çakylygyň gelip gowuşmandygyny, ýöne özleriniň türk dünýäsi bilen gatnaşyk saklamaga hyjuwlarynyň bardygyny belledi.

Yrakda ýaşaýan türkmenleriň jemi ilat sanynyň 3 milliondan gowrakdygy çaklanýar. Olar esasan Kerkük, Erbil, Musul we Telafer ýaly şäherlerde kowçum bolup ýaşaýarlar.

Yragyň kürt regional häkimiýeti, ýagny Yragyň Kürdüstan regiony ýurduň demirgazygynda ýerleşip, ol Eýran we Türkiýe bilen serhetleşýär.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Yrgayň Kürdüstan regionynda “Yrakdan aýrylyp, garaşsyz döwlet bolmalymy ýa däl?” diýen sorag boýunça referendum geçirilip, aglaba bölegi kürtlerden düzülen regionyň ilatyna sala salyndy.

Regional häkimiýet türkmen ilatynyň ulanýan dilini ykrar edýär. Yrak türkmenleriniň türk dilinde gepleşikleri efire berýän ýörite telewizion kanallary we maglumat çap edýän metbugat serişdeleri bar.

Owgan türmenleriniň syýasy işjeňligi

Owganystanda 2001-nji ýylda Talyban hökümeti agdarylandan soňky geçen tas iki onýyllygyň dowamynda ýurduň syýasy giňişliginde düýpli özgerişler bolup geçdi. Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady bu geçen döwri “täze düzgün” atlandyrýar. Ol täze döwürde ýurtda ýaşaýan beýleki azlyklar ýa-da dürli syýasy garaýyşlylar bilen bir hatarda owgan türkmenleri üçin hem syýasy işjeňligi artdyrmakda mümkinçiligiň dörändigini gürrüň berýär.

“Owganystanda täze düzgün döräli bäri, syýasy partiýalary we medeni guramalary döretmäge mümkinçilik döredi. Häzirki wagtda Owganystanyň Adalat ministrliginde resmi taýdan registrasiýa edilen 100-e golaý partiýa bar” diýip, Myrady 20-nji dekabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Beýleki tarapdan, ol täze döwrüň syýasy giňişliliginde dörän mümkinçiliklerden owgan türkmenleriniň nä derejede netijeli peýdalanýandygyny soraga astyna alýar.

“Ýöne türkmenler henize çenli hiç bir syýasy partiýa gurap bilmedi. Türkmenleriň şuralary, ýagny geňeşleri, ençeme geňeşleri we medeni jemgyýetleri bar, elbetde. Ýöne henize çenli hiç hili syýasy partiýa döredip bilmediler. Ýöne beýle bolsa-da, şol medeni jemgyýetler arkaly syýasata goşulyp, saýlawlara gatnaşýarlar. Parlament saýlawlaryna gatnaşdylar. Prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak üçin hem taýýarlyk görýärler” diýip, Myrady aýtdy.

Ol owgan türkmenleriniň käbir wekilleriniň sözlerine salgylanyp, olaryň partiýa döredip, şonuň töwereginde jem bolanda özleri üçin şertleriň has-da gowulanjakdygyny aýdýandyklaryny gürrüň berdi.

Degişli maglumat Owgan türkmenleriň merkezi hökümetiň syýasatyndan närazylygy artýar

Myrady ýurduň kanunçylygynda rugsat berilýän partiýa döretmek işiniň kanunda görkezilen talaplary barada-da gürrüň berdi. Owganystanyň Adalat ministrliginde haýsydyr bir partiýany resmi taýdan hasaba almak üçin 10 müň adamyň goly, şeýle-de olaryň şahsyýetini görkezýän beýleki maglumatlar soralýar.

Ol ýurtda partiýa döretmek üçin hiç hili bökdençiligiň ýokdugyny, ýöne türkmenleriň arasynda bu ugurda syýasy aktiwligiň göze ilmeýändigini gürrüň berdi.

“Şoňa (syýasy partiýa döretmäge – red.) hiç hili bökdençlik ýok. Hiç tarapdan, ne syýasy hökümet tarapyndan, ne-de başga tarapdan hiç hili bökdençlik ýok. Ýöne türkmenleriň arasynda syýasy partiýa döretmekde onçakly aktiwlik ýok. Elbetde, olarda isleg bar, ýöne şony bir döredip, agyz-dil birikdirip, syýasy partiýa döredip bilenoklar henize çenli” diýip, Myrady habar berdi.

Ol Owganystanda täze düzgün astynda hususy media we metbugat serişdelerini açmaga mümkinçilik döredilýändigini, ýöne muňa garamazdan türkmenleriň öz ene dillerinde maglumat ýaýradýan köpçülik serişdeleriniň ýokdugyny mälim etdi.

“Ýogsam bolmasa, Owganystanda ýaşaýan beýleki milletleriň her haýsysynda özleriniň hususy radio we telekanallary bar, öz dillerinde gepleşik efire berýärler. Türkmen dilinde gepleşik berýän hatda özbaşdak hususy radio kanaly hem henize çenli ýok, telekanal beýlede dursun” diýip, Myrady belledi.

Owganystanyň 31 milliondan gowrak ilaty esasan etniki puştun, täjik, özbek, türkmen, hazara, buluç, gyrgyz, gyzylbaş, gujur we beýleki taýpalardan düzülýär. Ýöne ýurduň Konstitusiýasy Owganystanyň ähli raýatyny owgan atlandyrýar. Şeýle-de Owganystanyň Konstitusiýasy puştun we dari dillerini resmi dil hökmünde ykrar edip, beýleki etniki toparlaryň dilleriniň köp ulanylýan regionlarynda olaryň dillerini üçünji resmi dil hökmünde kabul edýär. Ýurduň köpçülikelýin habar serişdelerinde ýurtda giňden ulanylýan ähli dillerde media we metbugat serişdeleri arkaly maglumat ýaýratmaga rugsat berilýär.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady Owganystanda türkmenler syýasy partiýa döredenlerinde munuň etniki türkmenleriň bähbitlerine uly hyzmat etjekdigini gürrüň berdi.

“[Türkmen partiýalarynyň döredilmegi] hususan-da syýasy taýdan uly hyzmat boljak. Türkmenler üçin hyzmat edip biljek. Häzirki wagtda [Owganystanda] türkmenleriň Raýdaşlyk geňeşi bar, şol hem özüne ýarasa hyzmat edip otyr. Eger-de syýasy partiýa döredilse, ol türkmenler üçin has amatly boljak. Türkmenlerden hem ýokary döwlet weziplerine çykmaga hem-de saýlawlarda öz hak-hukuklaryny almaga mümkinçilik boljak” diýip, Myrady Kabuldan gürrüň berdi.

Degişli maglumat Türkmensähra türkmenleriniň ene dili aladalary

Aýdyňlyk üçin aýdylsa, Azatlyk Radiosy etniki toparlaryň döredýän syýasy partiýalary barada gürrüň etmek bilen, territorial özbaşdaklygy maksat edinýän regionalist ýa-da seperatist partiýalar barada däl-de, etniki azlyklaryň gymmatlyklaryny döwletiň umumy syýasy bähbitleri bilen sazlaşykly utgaşdyryp, köp milletli halklarda ýurtda durnuklylygy, asudalygy we agzybirligi saklamaga gönükdirilen syýasy garaýyşly partiýalar barada gürrüň edýär.

Azatlyk Radiosy demirgazyk Eýranda kowçum bolup ýaşaýan etniki türkmenleriň arasyndaky syýasy işjeňlik bilen gyzyklanyp, eýran türkmenleriniň hataryndaky aktiwistlerden Ýusup Kor bilen gürrüňdeşlik geçirdi. Asly eýran türkmenlerinden bolup, häzirki wagtda Ýewropada ýaşaýan Kor demirgazyk Eýrandaky etniki türkmenleriň syýasy işjeňligi barada käbir maglumatlary berdi.

“Eýranda, bilişiňiz ýaly, 1979-njy ýylda hökümet agrdarylyşygy boldy. Rewolýusiýadan soňra Eýran yslam respublikasy emele geldi. Şol pursatda, 1-2 ýyllap, täze emele gelen hökümet özüni tutup, gaty güýçlenmänkä, 1-2 ýylyň içinde şol ýerde birhili demokratik atmosfera döredi. Netijede her kimiň özi öz hakyny talap edip orta çykyp bildi. Türkmenler 1979-njy ýylyň fewralynda “Türkmen halkynyň medeni we syýasy ojagy” atly gurama gurdular. Hak-hukuk talap edip herekete geçdiler” diýip, Kor eýran türkmenleriniň arasyndaky syýasy we medeni ojagyň döreýşi barada gürrüň berdi.

Ýöne onuň sözlerine görä, 1980-nji ýyldan soňra Eýran hökümeti azlyklaryň, şol sanda etniki türkmenleri syýasy giňişlikde gysyp başlaýar, şeýlelikde türkmenleriň syýasy gurama döretmeklerine mümkinçlik bolmaýar.

Aktiwist häzirki wagtda Eýran türkmenleriniň hatarynda syýasy gurama döretmegiň ugruna çykmagyň howplydygyny aýtdy.