Gazak deputaty Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň netijeliligini sorag astyna alýar

Gazagystan - Türkmenistan - Eýran demir ýolunyň ugry bilen barýan otly. Arhiwden alnan surat.

Gazagystanly deputat Aýkyn Konurow 19-nji dekabrda gazak parlamentinde eden çykyşynda Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň häzirki wagtda özünden garaşylan tamalary ödäp bilmeýändigini aýtdy.

“2014-nji ýylyň dekabr aýynda Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demirýoly işe girizildi. Onuň üsti bilen Gazagystanyň harytlarynyň göni pars aýlagyna çykarylmagyna garaşylýardy hem-de tranzitden goşmaça girdeji gazanmak göz öňünde tutulýardy. Hökümetiň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýyla çenli bu taslamanyň üsti bilen daşaljak ýüküň göwrümi ýylda 15 million tonna baryp ýeter. Biziň hasaplarymyza görä, şu ýylyň 10 aýynda Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýol ugry arkaly 1 million tonnadan sähel gowrak ýük daşaldy. Şol bir wagtda, tranzitiň göwrümi 2 ýüz müň tonna-da ýetmedi” diýip, gazagystanly deputat belledi.

“Bar bolan maglumatlara görä, halkara ulag geçelgesi hökmünde görkezilýän bu demirýol, aslynda, işlemeýär” diýip, Konurow sözüniň üstüni ýetirdi. Ol Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň biznes perspektiwalarynyň gümürtikdigini nygtady.

Beýleki tarapdan, türkmen döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşiginde 19-njy dekabrda Türkmenistanyň dünýäde üstaşyr merkeze öwrülýändigi öňe sürlüp, muňa ýurduň çäginden çekilýän halkara demir ýollar, garaýollar we gurulýan howa hem-de deňiz portlary mysal görkezildi. 30 minutlyk gepleşigiň tas 15 minudy dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunda Türkmenistanyň tutýan “möhüm roluna” gönükdirildi.

Degişli maglumat Türkmen DIM-niň reaksiýasyndan soň, Duşenbe TOT proýektinden ýüz öwürmeýändigini aýdýar

2014-nji ýylyň dekabr aýynda Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Akýaýla demir ýol menzilinde Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň gatnaşmagynda uzynlygy 925 kilometr bolan Gazagystan – Türkmenistan – Eýran halkara demir ýoly işe girizildi.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty bu ýoluň ýylda 10 – 12 million tonna çenli ýük geçirmäge ukyplydygyny ýazýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy şu ýylyň sentýabr aýynda ýurduň demir ýol ulgamyndaky bir çeşmesine salgylanyp, Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýoly arkaly daşalýan ýüküň ýylda ýarym million tonna-da ýetmeýändigini habar berdi.

Agzalýan demir ýoluň gurluşygyna 2009-njy ýylda girişildi. Reuters habar gullugynyň maglumatlaryna görä, demir ýoluň gurluşygyna harçlanan puluň anyk möçberi aýan edilmeýär, ýöne ýagdaýdan habarly çeşme oňa edilen çykdajylaryň 2 milliard dollar möçberindedigini çaklady.

Degişli maglumat Prezidentler "ak pata" berdiler

Aziýanyň Ösüş banky hem-de Yslam ösüş banky bu taslamany maliýeleşdirmäge ýardam berdi.

Türkmen hökümeti ýurduň dünýäde üstaşyr merkeze öwrülýändigini öňe sürýär. Munuň bilen baglylykda, 2018-nji ýyl Türkmenistanda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” yglan edildi.

Döwlet mediasy Türkmenbaşy şäherinde gurlan Halkara porty, Türkmenabatda gurlup ulanylmaga berlen Halkara aeroporty, Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýoluny, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda çekilen demir ýoluny, üstünde işlenýän Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýol taslamasyny muňa mysal hökmünde görkezýär.

Türkmenistanda gurlup ulanylmaga berlensoň, doly kuwwatlylygynda peýdalanylmaýan beýleki taslamalaryň biri hem Garlyk dag-magdan kombinatydyr. Onuň gurluşygyna 1.1 milliard dollar möçberinde maliýe serişdesi harçlandy, ýöne türkmen prezidenti noýabr aýynda geçiren hökümet maslahatynda bu desganyň doly kuwwatlylygynda işlemeýändigini boýun aldy.

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda umumy bahasy 1.5 milliard dollara barabar bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty açyldy. Döwlet mediasy onuň kuwwatlylygynyň ýylda 25 million tonnadan gowrak ýük geçirmäge niýetlenendigini aýdýar. Ýöne häzirki wagtda onuň kuwwatlylygynyň näçe göteriminden peýdalanylýandygy mälim däl.