Gürjüstanyň ilkinji aýal prezidenti kasam getirdi

Salome Zurabişwili innagurasiýa dabarasynda çykyş edýär.

Gürjüstanda Salome Zurabişwili prezidentlik kasamyny getirip, Günorta Kawkaz döwletiniň ilkinji aýal prezidenti boldy. Bu aralykda, oppozisiýa saýlawlarda galplyklaryň bolandygyny aýdyp, protestlerini dowam etdirdiler.

Telawi şäherinde geçirilen innagurasiýa dabarasynda Zurabişwili ýurtdaky syýasy ara-tapawutlyklary aradan aýyrmak, şeýle-de NATO we Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ugrunda tagalla etjekdigini söz berdi.

Şeýle-de ol Russiýa ýüzlenip, eger-de öz goňşulary bilen gatnaşyklarynyň gowulanmagyny isleýän bolsa, halkara hukuk kadalaryny sylamaga çagyrdy.

2008-nji ýyldaky bäş günlük uruşdan soň, Tblisi bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar dartgynly bolmagynda galýar.

Zurabişwili Russiýanyň Gürjüstanyň iki regionynyň – Günorta Ossetiýanyň we Abhaziýanyň “kabul ederliksiz” okkupasiýasyny dowam etdirýändigini hem sözüne goşdy.

Fransiýada doglan 66 ýaşly Zurabişwili 28-nji noýabrda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda sesleriň 59.5%-ni alyp, ýeňiş gazanypdy. Onuň garşydaşy, Grigol Waşadze sesleriň 40.5%-nji almagy başarypdy.

Emma, oppozisiýa partiýalary ses berilişikde galplyklaryň bolandygyny aýdyp, onuň netijelerini ykrar etmekden boýun gaçyrdylar.