Sosial mediada, Azatlykda galdyrylýan käbir teswirlerde, habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanlylaryň arasynda türkmen diliniň ähmiýeti hakyndaky pikirler, şeýle-de onuň soňky ýyllarda ýoýulýandygy barada aýdylýan gürrüňler wagtal-wagtal gaýtalanýar.
Eýsem, türkmen dili ýoýulýan bolsa, bu ýagdaýa getiren faktorlar nämelerden ybarat, ýogsa-da dil hakykatdan-da ýoýulýarmy, türkmen dili döwrüň häzirki zaman talaplary bilen nä derejede aýakdaşlyk saklaýar, Türkmenistanda döwlet metbugatynyň dili bilen halkyň diliniň arasynda gorp emele geldimi, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler, şol sanda Owganystanda, Eýranda we Türkiýede ýaşaýan türkmenler özleriniň ene dillerine nähili çemeleşýär?
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmen dili
Türkmen dili Türkmenistanyň döwlet dili bolup, ol gelip çykyşy boýunça altaý dil maşgalasynyň, türki diller toparyna degişlidir. Türki dilleriň oguz dilleri şahasyna degişli bolan türkmen dili türkmen ýazyjy şahyrlarynyň arasynda edebi dil hökmünde XVIII-XIX asyrlarda emele gelýär. Britanika ensiklopediýasynyň maglumatlaryna görä, ondan ozal türkmen şahyrlary çagataý dilinde eser döredýärdi. 1917-nji ýylda sowet häkimiýetleri türkmen diliniň gepleşik formasyna esaslanýan edebi türkmen dilini döretmegiň ugruna çykýar. 20-nji ýyllaryň aýaklarynda türkmenler arap elipbiýinden latyn elipbiýine geçýär, 1940-njy ýylda bolsa türkmen halky kryl harplary bilen tanyşýar. Garaşsyzlyk alnandan soň, türkmen halky kryl harplardan yzyna, latyn harplara dolanýar. Beýle diýildigi, tutuş türkmen halky tas 100 ýylyň dowamynda 4 gezek elipbiý çalyşýar.
- Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan aşgabatly dilçi garaşsyz Türkmenistanda halk dili bilen döwlet diliniň arasynda uçurymyň emele gelendigini aýtdy.
- Ýewropadan habarlaşan türkmen diasporasynyň wekilleri daşary ýurda çykan türkmenleriň arasynda ene diliň meşhurlygyny ýitirýändigini hem-de onu goramak ugrunda edilmeli tagallalar barada gürrüň berdi.
- Demirgazyk Owganystanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň Azatlykda çykyş eden wekilleri türkmen dilini gorap saklamagyň ähmiýeti barada gürrüň berdi.
- Türkiýeden habarlaşan türkmenistanlylar öz dillerini bialaç türk dili bilen garmaga mejbur bolýandyklaryny aýtdylar.
- Türkmen ýaşlarynyň käbirleri sosial mediada birek-biregi türkmençe ýazmaga çagyrýar. 100-den gowrak dilde awtomatiki terjime hyzmatyny hödürleýän Google Translate türkmen diline düşünmeýär.
Makalanyň dowamynda ýokarda agzalan ýagdaýlar dogrusynda gürrüň edýäris.
Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrantlaryň dil aladalary
Türkiýede uzak möhletli esasda ýaşaýan türkmenistanlylaryň hatarynda çykyş eden iki söhbetdeşimiz gündelik durmuşda öz-özünden tebigy ýagdaýda türkmen we türk dillerini garýandyklaryny gürrüň berdiler.
“Bu barada meniň öz aýtjak pikirim – biz, şol sanda meniň özüm-de, türkmen dilini ýuwaş-ýuwaşdan unutmaga başladyk. Halk mejbury ýagdaýda, gün-güzeran aýlamak üçin, daşary ýurda çykmaga mejbur boldy. Şol sebäpden häzir daşar ýurtlardaky, meselem Türkiýedäki türkmenler eýýäm türkmen dilini türk dili bilen garyp başlady” diýip, Azatlyk Radiosy bilen 13-nji dekabrda Stambuldan habarlaşan türkmenistanly migrant Rozubaý aýtdy.
Ol özi ýaly köp sanly ildeşleriniň eklenç gözleginde Türkiýä gelmegi bilen, özleriniň taryhyndan, medeniýetinden we dilinden uzaklaşmaly bolandyklaryny gürrüň berdi hem-de bu ýagdaýy türkmen häkimiýetleriniň ýurtda alyp barýan syýasaty bilen ilteşdirdi.
“Elbetde! Eger-de syýasat bilen ilteşigi bolmadyk ýagdaýynda, biziň türkmenistanlylar öz ýurtlaryny, öz maşgala ojaklaryny terk edip, daşary ýurtlara çykmazdy. Sebäbi, biz öz dilimize, özümiziň medeni-taryhymyza mätäç!” diýip, ol aýtdy.
13-nji dekabrda Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde, uzak möhletli esasda Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly Jemal hem ol ýerdäki türkmenleriň öz aralarynda türk we türkmen dillerini bir-birine garyp gepleşýändigini tassyklady.
“Men Türkiýede ýaşaýan, özüm hem käwagt [türkmen we türk dillerini] garyp gürleýärin. Meniň ýanymda işleýän başga-da türkmen tanyşlarym bar, olar hem arasynda, käwagt türkçäni garyp gürleýärler” diýip, Jemal belledi.
Ýöne ol bu ýagdaýa özleriniň mesele hökmünde garaýandyklaryny nygtady:
“[Bu ýagdaýa] mesele hökmünde garalýar, meselem, meniň özüm-de türkmençe bir zatlar diýjek bolýan, ýöne ýadymdan çykypdyr eýýäm. Türkçe aýdyp gidiberýän, eger garşymdaky hem düşünýän bolsa. Bärde işleşýän türkmen tanyşlarym hem bar, ýöne olar hem şolar ýaly” diýip, Jemal Türkiýeden Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Türkiýede kanuny ýa-da bikanun ýaşaýan türkmenistanlylaryň jemi sany boýunça anyk statistiki maglumat ýok. Ýöne Rozubaý türkmen migrantlarynyň öz aralaryndaky gürrüňlere salgylanyp, olaryň sanynyň ýüzmüňlerçedigini çaklaýar.
Sosial media we türkmen dili
Şu ýylyň maý aýynda türkmenistanlylaryň giňden ulanýan Feýsbuk sahypalarynyň birinde bir ulanyjy beýlekileri sahypanyň diwarynda paýlaşylýan maglumatlary türkmen dilinde ýazmaga çagyrdy. Onuň çagyryşyna köpler birperwaý galmady, ýöne onuň postuna ýazylan 300-den gowrak jogabyň tas 200-e golaýy özge dillerde boldy.
Şeýle-de, Twitterde türkmen dilinde maglumat paýlaşýan ulanyjylar soňky birnäçe ýylyň dowamynda #TürkmençeÝaz atly kampaniýa alyp barýarlar. Kampaniýanyň mazmunyndan mälim bolşuna görä, türkmen Twitter ulanyjylary ildeşlerini sosial mediada türkmen dilinde maglumat paýlaşmaga çagyrýar.
Ýöne sosial media läheňleri – ne Facebook, ne-de Twitter, şol sanda şuňa meňzeş saýtlaryň hiç haýsysynyň interfeýsi türkmen dilinde maglumat hödürlemeýär.
100-den gowrak dilde awtomatiki terjime hyzmatyny hödürleýän Google Translate saýtynyň türkmen dilini terjime etmek mümkinçiligi ýok.
Google Translate türkmen dilinde terjime hyzmatyny hödürlemeýär
Azatlyk Radiosy bu meseläni has aýdyňlaşdyrmak üçin, internet dünýäsiniň iň agramly türkmen sözlüklerinden birini işläp düzen Nazar bilen 13-nji dekabrda söhbetdeşlik geçirdi. Ýewropada ýaşaýan Nazar häzirki wagtda Google Translate saýtyna türkmen dilini girizmek boýunça edilmeli tagallalar barada gürrüň berdi.
“Google Translatede türkmen diliniň ýokdugynyň sebäbi – türkmen dilinde Internet ulanýanlaryň sany gaty az. Türkmenistanyň öz içinden ulanýanlaryň köpüsiniň hem rusça bilýändikleri üçin türkmen dili ikinji oruna düşýär. Şol sebäpli, türkmen ulanyjylara täze serwis hödürlenende, olara umuman rus dilini bilýär diýlip seredilensoň, türkmen diline degişli hiç hili iş edilenok” diýip, Nazar belledi.
Ol Google-yň täze goşulmaly diller boýunça alýan kararlaryna, onuň ýöredýän statistikalarynyň täsir edýändigini belledi. Şeýle-de, iňlis dilinden türkmen diline terjime edilen makalalaryň agramy hem-de olaryň Internetdäki elýeterliligi Google Translate-iň türkmen dilini goşmak ýa-da goşmazlyk barada aljak kararyna täsir edýär.
“Google Translate ýaňy çykan döwürlerinde men oňa türkmen dilini girizmek üçin gyzyklandym. Gyzyklananymda, ilki bilen, Google Translate işini edip bilmek üçin sözme-söz terjime edilen azyndan 10 müň sany dokument bolmaly diýýärler. Şoňa görä Google Translate sözlük düzýär, şoňa görä-de bir sözlemi beýleki sözleme nädip terjime etmelidigini öwrenýär. Sebäbi Google Translate-iň, umuman, işleýşi “machine learning”, ýagny “öwredilen maşyn” algoritmalary bolansoň, oňa iki sany sözme-söz terjime edilen teksti bereniňde, ol şol tekste seredip, “şu türkmen sözi şu iňlis sözi bilen gabat gelýär” diýip, özi çaklap öwrenýär. Şol esasda hem terjime edýär. Diýmek şol algoritmany, ýagny türkmen dilini goşmak üçin, sözme-söz iňlisçä ýa-da başga dile terjime edilen uly möçberde tekst gerek. Ol tekst hem şu wagt türkmen dilinde ýok diýsek-de boljak” diýip, Nazar belledi.
Eýran türkmenleri pars dilinde gepleşmäge "mejbur bolýar"
Demirgazyk Eýranyň hususan-da Türkmenähra sebitinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň arasynda-da türkmen dili ýörgünli dilleriň biri hasaplanýar. Ýöne 13-nji dekabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda asly eýran türkmenlerinden bolup, soňky onýyllyklaryň dowamynda Germaniýada ýaşaýan aktiwist Ýusup Kor Eýranda türkmenleriň öz dillerini saklap galmaklaryna bökdençlik döredilýändigini gürrüň berdi.
“[Eýranda] tapawudy ýok, eýran türkmenleriniň ýa-da beýleki etniki azlyklaryň hemmesiniň içinde dil meselesini goramak esasy wezipe bolup durýar. Ýöne şu mesele bize, ýagny türkmenlere gezek gelende, beýlekilerde bolşy ýaly, şol ugurda hereket edýänleriň esasy meselesi bolýar. Gündelik aladalara gezek gelende pars dili gaty güýçli rol oýnaýar. Sebäbi hökümet bar güýji bilen köp çykdajy harçlap, [pars dilini] ýöredýär. Içeride ýaşaýanlaryň hemmesini pars dilini ulanmaga mejbur edýär. Bütin radio we telewideniýe pars dilinde bolmaly diýip, hökümetiň ýörite karary bar” diýip, Ýusup Kor eýran türkmenleriniň ene dil meseleleri barada gürrüň berdi.
Ol daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň ýaşaýan ýurtlarynda türkmençilige mahsus medeniýet ojaklary döredilende, bu şertleriň arassa türkmen dilini saklap galmaga uly goşant goşjakdygyny çaklady.
Owgan türkmenleriniň dil tagallalary
Demirgazyk Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan wekilleri hem türkmen dilini saklap galmak ugrunda Owganystanda edilmeli tagallalar barada gürrüň berdi.
Owganystanyň Magaryf ministrliginiň türkmen dili bölüminiň işgäri Eziz Omar türkmen dilinde çap edilýän kitaplaryň ähmiýeti barada gürrüň berdi. Ol Owganystanyň Magaryf ministrliginiň türkmen dili bölüminiň işgär sany barada-da maglumat berdi.
“Biziň departamentimizde, ýagny bölümimizde üç adam işleýär” diýip, Eziz Omar aýtdy.
Owganystanyň Milli mejlisiniň ýokary platasynyň öňki agzasy Baýmyrat Goýunly owgan türkmenleriniň arasynda, hususan-da türkmen dilinde çap edilen kitaplaryň oba ýerlerine paýlanmagy ugrunda tagalla edilýändigini gürrüň berdi.
“Hawa, türkmenler hem “şuralar” [geňeşler-red.] gurnap, “enjümenler” [komissiýalar-red.] medeniýet ojaklaryny açyp, türkmenler dil barada, bilim barada alada edýärler” diýip, Goýunly aýtdy.
Eziz Omar türkmen dilinde sapak berýän mugallymlaryň dil sowatlylygyny ösdürmek boýunça edilmeli işleriň bardygyny aýdyp şeýle diýdi:
“Mugallymlar barada sözlesem, häzirki wagtda biraz kynçylyklarymyz bar. Bu kynçylyklarymyz – “riyaset-i terbiye-i muallim lazym” her welaýatda. Türkmen dilinden okadýan mugallymlar ýetişdirilse. Olar dil barada okasalar...Häzirki wagtda şeýle müşgillerimiz (ýagny kynçylyklarymyz) bar” diýip, Eziz Omar aýtdy.
Goýunly Türkmenistanyň demirgazyk Owganystanda açyp beren gyzlaryň mekdebi barada, demirgazyk Owganystana Türkmenistandan çekilen elektrik energiýasy barada gürrüň berdi.
Daşary ýurt telekanallarynyň halkyň diline täsiri
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary ýerli ilatyň arasynda türk we rus telekanallaryna tomaşa edýän adamlaryň sanynyň örän agdyklyk edýändigini habar berýärler. Öz gezeginde bu ýagdaý adamlaryň özara gepleşikde türk we rus dillerine ulanmaklaryna getirýär.
“Türk telewideniýesine, filmlerine tomaşa edýän ýaşlaryň türk dili medeniýeti aňyna girip, hatda häzir mekdep okuwçylary öýlerinde, mekdeplerde öz aralarynda türk dilinde gepleşip başladylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran Daşoguzdaky çeşmesi ýanwar aýynda gürrüň berdi.
13-nji dekabrda Azatlyk bilen söhbetdeşlikde Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly Rozubaý ýurtda ýaşaýan tanyşlarynyň gürrüňlerine salgylanyp, türkmen telewideniýesinde efire berilýän gepleşikleriň hiliniň gowşakdygyny gürrüň berdi:
“Türkmenistanda türk dilinde gepleşmäge ýykgyn edilmegine aňyrda türk telewideniýesine köp tomaşa edilmegi sebäp bolýar. Sebäbi Türkmenistanyň telewideniýesinde halky gyzyklandyrýan, görkezer ýaly zat ýok” diýip, ol belledi.
“Bir gezek, Türkmenabatdaky kafede ýaşy 40-a ýetmedik iki zenanyň Stambulyň özlerinde galdyran täsiri barada türk dilinde gepleşýändigini gördüm. Maryda bolsa, aýallaryň we çagalaryň öz sözleýşine türk sözlerini goşup, ýagny garyşdyryp gürleşýändigini eşitdim. Meselem, ‘aýakgabyň barmy?’ diýip soramagyň deregine ‘Aýakkabyn warmy?’ diýip soraýarlar” diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi gürrüň berdi.
Türkmenistanda resmi metbugat bilen halkyň diliniň arasynda 'gorp emele geldi'
Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletiň täsiri bilen metbugat diliniň täsin ewolýusiýany başdan geçirendigini gürrüň berdi:
“Garaşsyzlyk ýyllary başlandy – diliň başyndan inen muşakgat boldy, muny men nähiliräk suratlandyrjagymy hem bilemok. “Türkmen dilini beýleki sözlerden geçen sözlerden arassalaýan” diýlen perdä bukulynyp, dilde ulanylyp ýörülen ne gözel sözleri ulanmaklyga gadaganlyk girizildi. Oňa derek, çem gelen zatlary şoň ornuna ulanyp başladylar” diýip, ýazyjy Bugaýew resmi metbugatda dil jähtden bolup geçen özgerişi suratlandyrdy.
Ol käbir anyk mysallar berip, “telekeçi”, “çygrynda” diýen ýaly döwlet metbugatynda ulanylýan käbir sözleriň düýp manylarynyň häzirki metbugatda göz öňünde tutulýan manylardan daşdadygyny aýtdy.
Ol garaşsyzlyk ýyllarynda çeper döredijilige girizilen çäklendirmeleriň edebi dile agyr zarba urup, türkmen dilini çagşadandygyny belledi.
Onuň sözlerine görä, janly diliň ösüşine eýermek üçin täze sözlükler çap edilmeli, dile aralaşýan täze sözleri öwrenmeli, dünýä bilen aýakdaşlygyň hatyrasyna terminleri girizmegiň ugruna çykmaly.
“Adaty adamlaryň gepleşik dili bilen, metbugatyň diliniň arasyna juda gorp düşüp gidip barýar. Gitdigiçe biri-birinden daşlaşýar. Häzirki metbugatyň diline edebi dil diýlen mukaddes statusy beresim gelenok” diýip, Bugaýew aýtdy.
Türkmen diline bagyşlanýan gepleşigimizde türkmen edebi diliniň düýbüni tutujylar, diliň soňky 100 ýylda geçen çarkandakly ýoly, türkmen intelligensiýasynyň dil aladalary barada giňişleýin gürrüň etmäge mümkinçiligimiz bolmady.
Bu aralykda, 13-nji dekabrda Azatlygyň websaýtynda Türkmen dilinden käbir test soraglary taýýarlanyp çap edildi. 1 günüň dowamynda teste 62 adam gatnaşdy. Teste gatnaşyjylaryň şu wagta çenli alan umumy baly 61 göterime barabar boldy.