Bu barada şeýle ýagdaýa duçar bolan gyzyň jorasy Türkiýeden Azatlyk Radiosynyň habarçysyna 14-nji dekabrda gürrüň berdi.
Onuň beren maglumatlaryna görä, Türkiýede işläp ýören wagty türk raýatyna durmuşa çykmakçy bolan türkmenistanly gyz maşgaladan türk kanunçylygyna laýyklykda, ozal nikada durmandygy barada Türkmenistandan resmi hat talap edilýär. Şol döwürde gyzyň kakasy ýaramaýar, ol Türkmenistana dolanmaga mejbur bolýar.
Waka takmynan 7 aý mundan ozal bolup geçýär.
“Gyz Türkmenistana dolananda aeroportda komitetiň (Milli howpsuzlyk ministrliginiň – red.) işgärleri ony soraga çekýär, telefonyny barlaýarlar, onuň söýgülisi bilen düşen suratlaryny görüp, dürli soraglary berýärler” diýip, gyzyň jorasy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Gyza berlen soraglaryň hatarynda onuň “söýgülisiniň” kimdigi, onuň bilen häzirki wagtda bile ýaşaşyp ýaşaşmaýandygy, gyzyň özüniň Türkiýede näme iş bilen meşgul bolýandygy barada soraglar berilýär.
Gyz howpsuzlygyň işgärlerine özüniň çaga seredýändigini aýdýar. Ýöne ony soraga çekýän döwlet işgärleri “Sen çaga seredip bilýäňmi?” diýýärler.
Habarçynyň gürrüňdeşiniň maglumatlaryna görä, “Siziň ol ýerlerde nähili işler bilen meşgul bolýandygyňyzy biz oňat bilýäris!” diýip, howpsuzlyk gullugynyň işgärleri haýbat atýar.
Degişli maglumat Türkmen raýaty ýegeniniň Aşgabatdan goýberilmegine kömek soraýarGürrüňi edilýän gyz maşgala Türkmenistanda bir aý wagt geçirip, soňra yzyna, Türkiýä dolanmak üçin Aşgabadyň Halkara aeroportuna barýar.
Habarçynyň söhbetdeşiniň sözlerine görä, agzalýan gyzyň Türkiýede kanuny esasda işlemegine rugsat berýän Zähmet rugsat haty hem bar, ýöne muňa garamazdan, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň işgärleri gyzyň ýurtdan çykmagyna rugsat bermeýär.
“Ol şol ýerde öz adynyň “gara sanawa” goşulandygyny bilip galýar” diýip, gyzyň jorasy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, gyz Aşgabat Migrasiýa gullugynyň başlygy bilen duşuşyp, özüniň ýurtdan çykmagyna girizilen gadagançylygyň sebäpleri bilen gyzyklanýar.
“Bize seniň daşary ýurt raýaty bilen durmuş gurmakçy bolýandygyň barada maglumat gelip gowuşdy. Biz seniň durmuşa çykýan oglanyň kimidigini, onuň näme iş bilen meşgul bolýandygyny anyklamazdan seni goýberip bilemizok” diýip, Migrasiýa gullugynyň başlygy türkmenistanly gyza aýdýar.
Degişli maglumat Ýolagçylar Aşgabadyň aeroportynda käbir organ işgärleriniň gödekliginden nägileGyz Migrasiýa gullugynyň özünden nähili dokumentleri talap edýändigi, gysga wagtyň içinde şol dokumentleri özüniň taýýarlajakdygyny aýdýar. Emma oňa öýüne dolanmak we Migrasiýa gullugyndan habara garaşmak maslahat berilýär.
Aradan birnäçe gün geçenden soňra gyzy ýaşaýan ýerindäki Migrasiýa gullugyna çagyryp, häkimiýetler oňa her hili sorag berýärler. “Saňa ar Türkmenistanda tapylmadymy diýip kemsitdiler” diýip, gyzyň jorasy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi. “Garaz gyzyň durmuşyny bozdular” diýip, ol sözüni jemledi.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň degişli döwlet edaralaryndan waka barada kommentariýa alyp bilmedi.
Daşary ýurt raýatlary bilen maşgala gurmaga isleg bildirýän türkmenistanly gyzlaryň Türkmenistanda duçar bolýan kynçylyklary barada mundan ozal hem Azatlyk Radiosyna dürli habarlar gelip gowşupdy.
2000-nji ýyllardan bäri Türkmenistanyň döwlet syýasaty türkmenistanly gyzlaryň daşary ýurt raýatlaryna durmuşa çykmagy bilen bagly käbir talaplary kesgitledi. 2001-nji ýylda ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow “Daşary ýurt raýatlarynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň raýaty bilen durmuş gurmagy baradaky” düzgüni tassyklap, 50 müň dollar möçberinde, halk dili bilen aýdylanda “Döwlet galyňyny” girizdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383 Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.