Türkmenistanda dokma senagaty ministri täzelendi

Türkmenbaşy dokma senagaty toplumy. Aşgabat, gagarin köçesi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji dekabrda dokma senagaty ministri Nepes Gaýlyýewi işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşatdy diýip, TDH habar berýär.

Emma habarda öňki ministriň anyk nähili kemçilik goýberendigi anyklaşdyrylmaýar.

Türkmenistanyň dokma senagaty ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek dokma senagaty ministriniň orunbasary Ogulhajat Işangulyýewanyň üstüne ýüklenildi.

Türkmenistanda ýokary derejeli resmilere yzygiderli berk käýinç, soňky duýduryş bermek, ýygy-ýygydan täzelemek garaşsyzlyk ýyllarynda adaty bir zada öwrüldi. Şol bir wagtda, ýokary derejeli resmileriň hemmesi soňra uzak gitmän boşadylýan wezipelerine prezidentiň öz karary bilen bellenilýär.