“Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilikleri döredýäris” diýip, döwlet baştutany aýtdy.
Türkmen döwlet habarlar gullugynyň (TDH) habaryna görä, Berdimuhamedow içeri işler ministri Isgender Mulikowa ýüzlenip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisiniň tussaglykdan boşadylyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Adatça bolşy ýaly, bu gezek hem günäsi geçilen tussaglaryň ýurduň Jenaýat kodeksiniň haýsy maddalary esasynda tussaglyga höküm edilendigi we jeza möhletleriniň näçe bölegini türmede geçirendigi, şeýle-de olaryň haýsy ýaşlardaky raýatlardygy barada hiç hili maglumat berilmeýär.
Mundanam başga, günäsi geçilenleriň hatarynda hukuk toparlarynyň syýasy matlaply tussag edildi diýýän adamlarynyň bardygy ýa-da ýokdugy agzalmaýar.
Degişli maglumat Tussaglaryň günäsi geçildi, emma olaryň sany mälim edilmediÝurtda bellenilýän uly baýramçylyklara gabat geçirilýän ozalky günä geçişlerde bolşy ýaly, döwlet baştutany bu gezegem welaýatlaryň we etraplaryň, şäherleriň häkimlerine, beýleki degişli ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmegi tabşyrdy.
Emma muňa garamazdan, türkmen türmelerinde oturyp çykanlaryň käbirleri özleriniň soňy bilen işe ýerleşmek meselesinde uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny, hukuk goraýjy işgärleri tarapyndan häli-şindi her dürli kemsitmelere sezewar edilýändiklerini aýdýarlar.
Türkmenistanda şu ýylyň başyndan bäri indi tapgyr dördünji gezek iş kesilen türkmenistanlylaryň günäsini geçmek yglan edildi. Olaryň ilkinjisi Nowruz baýramyna gabatlandy. Şol günä geçişlikde azatlyga goýberilen tussaglaryň sany mälim edilmedi.
Şondan soň, Berdimuhamedow şu ýylyň 8-nji iýunynda Gadyr gijesine gabatlap 611 tussagyň we 24-nji sentýabrda Garaşsyzlyk baýramynyň 27 ýyllygy mynasybetli 1 müň 722 bendiniň günäsini geçmek baradaky permana gol goýupdy.