Eýranyň prezidenti Hassan Rohani ABŞ sanksiýalaryny “ykdysady terrorizm” hökmünde ýazgardy we eger olaryň işi şowuna bolsa we Eýran gowşadylsa, günbatar bikanun neşe maddalaryndan dolar diýen çaklamany öňe sürdi.
Rohani bu sözleri Tähranda, 8-nji dekabrda alty döwletiň gatnaşmagynda terrorizme garşy göreş boýunça geçirilen maslahatda aýtdy.
Bu maslahata Owganystanyň, Eýranyň, Pakistanyň, Türkiýäniň, Hytaýy we Orsýetiň parlament spikerleri gatnaşýar.
Rohani döwlet telewideniýesinde berlen sözünde gowşadylan Eýranyň neşe gaçakçylygynyň garşysynda berk durup bilmejekdigini aýtdy.
Eýran Owganystan, Ýewropa we Aýlak ýurtlary arasyndaky uly neşe ýolunyň ugrunda ýerleşýär.
Waşington Tähranyň dünýä döwletleri bilen baglaşan ýadro ylalaşygyndan çykyp, ýatyran sanksiýalaryny gaýtadan girizeli bäri Eýranyň ykdysadyýeti gowşaýar.
“Amerikanyň Eýranyň mertbeli halkynyň garşysyna girizen adalatsyz we bikanun sanksiýalary biziň döwletimizi nyşana alýar we terrorizmiň açyk mysaly bolup durýar” diýip, Rohani aýtdy.