Bular barada “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” (TAH) 30-njy noýabrda habar berdi.
TAH-yň maglumatlaryna görä, häkimiýetler internetde işjeň raýatlary yzarlamak çärelerini noýabaryň aýagyndan başlap, has-da guramaçylykly häsiýetde amala aşyryp başlady.
“Köp sanly ýaşaýjysy okuw ýa-da iş gözleginde daşary ýurda giden Lebap we Daşoguz welaýatlarynda eýýäm 10-dan gowrak adam şeýle gürrüňdeşliklere çagyryldy” diýip, neşir ýazýar.
Degişli maglumat Ekspert: Türkmen häkimiýetleri interneti yzarlamak üçin içalyçylyk programmalaryny satyn alýarMaglumatda aýdylmagyna görä, gürrüňdeşliklere Içeri işler ministrliginiň hem-de Howpsuzlyk gullugynyň wekilleri gatnaşýar.
Türkmenistanda garaşsyz çeşmeleriň maglumatlaryndan peýdalanýan raýatlaryň howpsuzlygyny göz öňünde tutup, Azatlyk Radiosy internetdäki diňleýjilerine we saýtyň okyjylaryna ýörite tilsimleri ulanmagy maslahat berip gelýär.
“Onlaýn gorag galkanlary”
Azatlygyň web sahypasyna howpsuzlygy üpjün edýän ýörite tilsimler arkaly girmek internet ulanyjylaryna hiç hili töwekgelçilik döretmeýär.
Bu ugurda Internet howpsuzlygy boýunça hünärmenler VPN tilsimlerini ulanmagyň ähmiýetini belleýär.
Psiphon 3 proksi ulgamy Azatlyk Radiosynyň web sahypasyna bökdençsiz girmäge mümkinçilik döredýär.
Ondan peýdalanmak üçin proksi ulgamyny internete girilýän kompýuterlere we smartfonlara indirip gurnamaly.
Ekspertleriň nygtaýşy ýaly, Psiphon ony ulanyjylaryň internetdäki şahsyýetini doly gizlinlikde saklaýar.
Her gün Türkmenistanda 1.5 million gezek ulanylýan bu tilsim arkaly, internet ulanyjylary Azatlygyň web saýtyna we beýleki petikli saýtlara girýär.
Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda petiklenen azathabar.com saýtyna ýurt içinden “Tor” brauzerini ulanmak arkaly girip bolýar.
Degişli maglumat Daşoguz: Howpsuzlyk gulluklary telefonlary barlaýar, Azatlygyň çeşmelerini gözleýärDigital howpsuzlyk boýunça bilermenler, “Tor” brauzeriniň hem Internetden anonim peýdalanmaga mümkinçilik döredýändigini nygtaýarlar.
Onlaýn maglumat çeşmelerinde aýdylmagyna görä, “Tordan” peýdalanyp internete girýän ulanyjylaryň şahsy maglumatlary, olaryň internet trafikasy gizlinlikde saklanýar.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan ýaly ýapyk ýurtlarda garaşsyz habar serişdeleriň sosial hasaplarynda paýlaşylan maglumatlarda teswir galdyrylanda atsyz ýa-da anyk şahsy maglumatlar beýan edilmedik sosial hasaplardan peýdalanmak maslahat berilýär.
Galyberse-de, Azatlyk bilen maglumat akymyny ýola goýmak üçin Telegram we WhatsApp ýaly howpsuz messenjerlerden peýdalanmak maslahat berilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy raýatlaryň maglumat edinmek hukugyny doly kepillendirýär.
Şol bir wagtyň özünde ýurduň baş kanunynda “adamyň özüniň razylygy bolmazdan onuň şahsy durmuşy barada maglumatlaryň ýygnalmagyna, saklanylmagyna, peýdalanylmagyna we ýaýradylmagyna ýol berilmeýändigi” bellenilýär. Ýöne halkara hukuk goraýjy toparlar Türkmenistanda adam hukuklary bilen bagly kanunlaryň iş ýüzünde doly berjaý edilmeýändigine ünsi çekýärler.