Türkmenistanyň paýtagtyndaky jaýynyň elinden alnandygy barada şikaýat eden 82 ýaşly pensioner ýitirim boldy. Kaka Gurbanowyň ýitirim bolandygyny "Türkmenistanyň hronikasy" internet neşri 2-nji dekabrda habar berdi.
Aşgabatly pensioneriň ýagdaýy barada "Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy" guramasynyň websaýtynda 22-nji maýda habar beripdi. Kaka Gurbanow wideo çykyşynda jaýynyň bikanun elinden alnandygyny özi gürrüň beripdi.
Maglumatda habar berlişine görä, 2008-nji ýylda Kaka Gurbanow birnäçe günlük öz garyndaşlarynyň ýanyna Mara gidipdir. Aşgabada gaýdyp baransoň öz jaýynda başga adamlaryň ýaşap oturandygyny görüpdir.
Gurbanowyň sözlerine görä, ol dürli döwlet edaralaryna, şol sanda Baş prokuratura, Baş suda, prezidentiň edarasyna we ombudsmene ýüz tutupdyr.
"Ombudsmen Ýazdursun Gurbannazarowa Gurbanowyň jaýynyň we emläginiň elinden alynmagy bilen onuň hukuklarynyň dogrudan hem bozulandygyny aýtdy. Emma ombudsmeniň edarasynyň işgär taýdan entek jemlenmändigi, şikaýatlaryň bolsa köpdügi sebäpli, özüniň Gurbanowa häzirlikçe hiç hili kömek edip bilmejegini aýdypdyr" diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri ýazýar we şondan bäri Kaka Gurbanowyň häkimiýetlerden hiç hili kömek alyp bilmändigini, tersine oňa kanun goraýjy edaralarynyň wekilleriniň haýbat atyp, şikaýat etmegi togtatmagyny talap edip başlandygyny belleýär.
Neşriň habar bermegine görä, 27-nji noýabrda Gurbanowa Aşgabadyň Berkararlyk etrabynyň prokuraturasyndan jaň edip, 11-nji otaga barmagyny talap edipdirler.
"Şol gün Gurbanow örän ýarawsyz bolup, diňe 29-na baryp bildi. Prokuraturada ony kabul etmediler, nobatçy onuň işiniň polisiýa tabşyrylandygyny aýtdy. Polisiýada oňa prokuraturanyň derňewçisiniň arz edip, Gurbanowyň ony kemsidendigini aýdylypdyr. "Indi otur öýüňde we garaş" Haçan gerek bolsa, el bagyny alyp yzyňdan bararlar" diýip polisiýa ofiseri oňa aýtdy" diýip, "Türkmenistanyň hronikasy" neşri habar berýär we 82 ýaşly goja Kaka Gurbanowyň 30-njy noýabrdan bäri telefon jaňlaryna jogap bermeýändigini belleýär.
"Onuň ýitirim bolmagy sebäpli biz adam hukuklaryny goraýjy guramalary we adam hukuklaryny goraýan halkara edaralaryny habarly etdik" diýip, "Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy" guramasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin 4-nji dekabrda Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Azatlyk Radiosy Kaka Gurbanowyň ykbaly barada resmi maglumat almak üçin Aşgabadyň Berkararlyk etrabynyň prokuraturasy bilen habarlaşmaga synanyşýar.
Degişli maglumat Azatlyga interwýu beren raýat 15 gün tussaglykda saklandyTürkmenistanda öz problemalary barada açyk aýdýan we häkimiýetlere kömek sorap ýüz tutýan adamlaryň yzarlanmagy bilen bagly ýagdaýlar öňem ýüze çykypdy.
2016-njy ýylda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň ýaşaýjysy Dünýägözel Jumagulyýewa Azatlyk Radiosyna wideo interwýu berenden soň, 15 gün türme tussaglygynda saklandy. Zenan özüniň köp ýyldan bäri işsizdigi we zähmet biržasynda nobata dursa-da, nobatyna seredilmeýändigi, şeýle-de edara-kärhanalardaky boşan iş orunlaryna diňe para beren adamlaryň işe alynýandygyny gürrüň beripdi.
Degişli maglumat Türkiýede talyplar jemgyýetini döreden student Türkmenistanda tussaglykda saklanýar2018-nji ýylyň baharynda Türkmenistanda ýaş aktiwist ýitirm boldy. Osmaniýa uniwersitetiniň studenti Omruzak Omarkulyýew Türkiýede türkmen studentleriniň jemgyýetini döredendigi barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Yzýany türkmen häkimiýetleriniň çakylygy boýunça Türkmenistana baran Omruzak ýitirim boldy, soňra türmede tapyldy.
Omruzak Omarkulyýewiň tussaglykda bolan wagty onuň kakasy ýogaldy. Kanun goraýjylar maşgalanyň jaýyny gözegçilik astynda saklap, ýasa baran adamlary soraga çekdiler. Aktiwistiň ejesine öz adamsynyň guburyna ýadygärlik goýmagy gadagan etdiler.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar