Türkmenistanyň Mejlisi Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany tassyklady.
12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde Türkmenistanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Orsýetiň hem-de Gazagystanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň V sammitinde Hazaryň hukuk derejesini kesgitlemek boýunça Konwensiýa gol çekilipdi.
Bu ylalaşygy amala aşyrmak üçin kenarýaka 5 döwletiň resmileri soňky 22 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda 50-den köp iş maslahatyny geçiripdi.