Türkmenistanda ýene-de üç sany “Ak öý” binasyny gurmak karar edildi

Ahalda gurlan "Ak öý" binasy. Arhiw suraty

Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binalaryny gurmak hakyndaky kararyň taslamasy hödürlenildi.

Mundan öň şeýle “Ak öý” binalary, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin, Maryda we Ahalda gurlupdy.

TDH-nyň ýazmagyna görä, prezident Berdimuhamedow bu karary tassyklamazyndan öň güýzlük bugdaýyň maýsalaryna ideg edilende agrotehniki talaplary dogry berjaý etmek, gowaça meýdanlaryndaky “ak altyny” doly ýygnap almak meselelerine ünsi çekdi.

Şeýle-de neşir döwlet baştutanynyň ady agzalan welaýatlarda «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň üçüsini gurmak hakyndaky karara gol çekip, täze binalaryň milli öwüşginler bezelmegine üns bermegi tabşyrdy.

Habarda täze “Ak öý” binalarynyň döwlet gaznasyna näçe serişdä düşjekdigi aýdylmady.

Türkmenistanda oba, etrap ýerlerinde ýollaryň, köprüleriň, suw üpjünçiliginiň, elektrik we gaz geçirijileriniň düýpli idege mätäçdigi habar berilýär.

Türkmenistan, ekspertleriň bellemeklerine görä, soňky ýyllarda agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär we oba hojalygynda dowam edýän problemalar zerarly planlaşdyrylan hasyllary almakda uly kynçylyk çekýär.

Bu ýagdaý ýurtda mejbury pagta ýygym çäreleriniň dekabra çenli dowam etmegine, uly azyk nobatlarynyň döremegine alyp geldi.