Hytaýyň Türkmenistandaky maýa goýum proýektleriniň bahasynyň möçberi 7 milliard dollara barabar diýip, Hytaýyň CNPC döwlet kompaniýasynyň müdirler geňeşiniň başlygy Wang Zhonçaýyň Aşgabatda geçirilen Halkara nebit-gaz konferensiýasynda 20-nji noýabrda aýadandygyny Trend agentligi habar berýär.
Maglumata görä, Zhonçai öz ýurdunyň import edýän türkmen gazynyň möçberiniň 2018-njy ýylyň aýagynda 35 milliard kubometre ýetjekdigini we munuň Hytaýyň ykdysadyýeti üçin zerur ýangyjyň 10% emele getirýändigini belläpdir.
Degişli maglumat 2017-nji ýylda Merkezi Aziýadan Hytaýa 38.7 milliard kubometr gaz akdyryldy
CNPC kompaniýasy Türkmenistanyň “Bagtyýarlyk” we “Galkynyş” gaz ýataklarynyň özleşdirilmegine gatnaşýar. Proýektler türkmen gazynyň Hytaýa akdyrylmagyna degişli.
Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň şu günki güne çenli gurlup, ulanylýan üç turbasy ýylda 40 milliard kubometr gazy akdyrýar.
Degişli maglumat Türkmenistan energiýa syýasatyny ‘üýtgetmeli’“Türkmenistan-Hytaý” gaz geçirijisiniň Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üstünden geçýän dördünji “D” liniýasyny gurmak hakyndaky ylalaşyga 2013-nji ýylda gol çekilipdi we bu uguryň ýylda goşmaça 25 kubometr gazy akdyrmaga ukyply boljagy bellenipdi diýip, Trend neşri habar berýär we türkmen gazynyň Hytaýa eksportynyň möçberiniň 2021-nji ýylda 65 milliard kubometre ýetmeginiň planlaşdyrylýandygyny belleýär.
"Türkmenistan-Hytaý" gaz geçirijisiniň Täjigistanyň üstünden geçýän böleginiň düýbi 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda tutulypdy, gurluşygy bolsa 2018-nji başynda başlandy. Gaz geçirijiniň Täjigistanyň üstünden geçýän böleginiň bahasy 3.2 milliard dollar derejesinde görkezildi.