Mogherini Haşogginiň ölümine jogapkärleriň ählisinden hasap soralmagyna çagyrýar

"Bu elhenç jenaýata jogapkär adamlar hökman jogapkärçilige çekilmeli” diýip, Mogherini Ankarada aýtdy.

Saudly žurnalist Jamal Haşogginiň ölümine “hakyky jogapkärleriň” ählisinden hökman hasap soralmaly diýip, ÝB-niň daşary syýast başlygy Federika Mogherini 22-nji noýabrda aýtdy.

Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Washington Post” gazetiniň kommentatory we Saud Arabystanyndaky hökümetiň tankytçysy bolan Haşoggi 2-nji oktýabrda Stambuldaky saud konsullygynda öldürildi.

Saud resmileri onuň ölümini kezzap agentleriň üstüne atdylar we täç geýdirilen şazada Muhammad bin Salmanyň bu operasiýadan habarsyz bolandygyny aýtdylar.

Riýad bu iş bilen baglylykda 21 adamy tussag etdi, olaryň bäşisine ölüm jezasynyň berilmegi soralýar.

Türkiýe bu ölümi buýran adamlaryň jogapkärçilige çekilmegi barada gaýta-gaýta çagyryş etdi, emma şazada Muhammady göni aýyplamakdan saklandy.

"Bu elhenç jenaýata jogapkär adamlar, hakyky jogapkärler hökman jogapkärçilige çekilmeli” diýip, Mogherini Ankarada Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen bile çykyş eden metbugat ýygnagynda aýtdy.

Şu aralykda, 22-nji noýabrda Türkiýäniň “Hurriyet” gazeti Merkezi Aňtaw agentliginde şazada Muhammadyň “Jamal Haşoggini mümkin boldugyça çalt sem etmegi” tabşyrýan ses ýazgysynyň bardygyny habar berdi.

Gazet bu habary tanymal türk žurnalistine, onuň Merkezi aňtaw agentliginiň direktory Gina Haspeliň geçen aý Ankara sapary mahalynda “ýaňzydanlaryna” salgylanyp berdi.

“Roýtersiň” habarlaşan türk resmileri özlerinde bu aýdylýan ses ýazgysy barada maglumatyň ýokdugyny aýtdylar.