ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Waşingtonyň saudly žurnalist Jamal Haşogginiň öldürilmegine kimleriň gatnaşandygy baradaky ahyrky netijä indiki hepdäniň başynda geljekdigini aýtdy.
ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň gelen netijesine görä, onuň öldürilmegini Saud Arabystanynyň täç geýdirilen şazadasy Muhammad bin Salman buýrupdyr.
Tramp 17-nji noýabrda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda žurnalistlere “gelýän iki günde biz örän doly hasabata eýe bolarys, belki-de birinji ýa ikinji gün” diýdi.
ABŞ-nyň aňtaw agentlikleri dissident žurnalisti geçen aý Türkiýede öldürmek buýrugyny iş ýüzünde patyşalygy dolandyryjy bolup durýan şazadanyň berendigine ynanýarlar.
Saud hökümeti 17-nji noýabr güni giçlik ilki “The Washington Post” gazetinde habar berlen, soňra beýleki habar serişdeleri, şol sanda AP we “Roýters” tarapyndan tassyklanan habarda aýdylýanlary ret etdi.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi Hizer Nauert (Heather Nauert) 17-nji noýabrda “ABŞ hökümetiniň [Haşoggi meselesinde] ahyrky netijä gelendigi barada golaýda çykan habarlar dürs däl” diýdi.