Aşgabatda, Balkanda suw, gaz üçin tölemedikleriň suda çekiljegi duýduryldy

Gaz edarasynyň wekillerinden we şäher resmilerinden düzülen toparlar ýaşaýyş jaýlara aýlanýarlar, Aşgabat, 7-nji noýabr, 2018

Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda suw, gaz üçin tölemedikleriň suda çekiljegi duýduryldy.

Şu günler häkimiýetler ilatyň gaz ölçeýjileri köpçülikleýin oturtmagyna gözegçilik edýärler we bu ugurdan geçirilýän uly göwrümli işleriň çäginde ýaşaýyş jaýlara öýme-öý aýlanýarlar, ýa-da jaýlaryň gapysynda bildiriş goýup gidýärler. Bu iş türkmen hökümetiniň gaz we suw mugtçulygyny doly ýatyrmak hakynda 25-nji noýabrda kabul eden kararyndan soň güýçlenipdi.

Degişli maglumat Aşgabatda gaz ölçeýjileri gyssagly oturdýarlar

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysynyň 16-njy noýabrda aýtmagyna görä, Aşgabatda we onuň golaýyndaky obalarda ýaşaýyş jaýlaryň gapysynda administrasiýanyň adyndan galdyrylýan bildirişlerde gaz we suw üçin bergilerini 10 günüň dowamynda tölemedikleriň işiniň suda tabşyryljagy duýdurylypdyr, emma takyk bir sene görkezilmändir.

"Olar jaýlaryň gapysyny kakyp, öý eýelerine duýduryş barada özleriniň habarly edilendigi hakynda resminama gol çekdirýärler, gapyny açmadyklaryň gapylaryna bildirişi ýelmäp gidýärler" diýip, habarçymyz aýdýar.

Munuň bilen wagtda Balkan welaýatynda ýaşaýjylardan ölçeýjileri oturtmagy we bergilerini tölemegi talap etmek işi kanuny goraýjy organlaryň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýär.

"Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde, şeýle-de etrap merkezlerinde polisiýa we prokuratura işgärleri 15 gün bäri öýme-öý aýlanýarlar" diýip, Türkmenistandaky habarçymyz gürrüň berdi.

​Türkmenistanyň häkimiýetleri ilatyň sarp edýän gazynyň we suwunyň möçberini hasaplaýjy gurallaryny oturmagyny talap edýärler. Bu gurallar şu günler tutuş ýurt boýunça köpçülikleýin häsiýetde ýaşaýjylaryň hasabyna oturdylýar. Hususan-da, gaz ölçeýjisini oturtmagyň resmi nyrhy 250 manat çemesi, emma munuň bahasy Aşgabadyň dürli böleklerinde tapawutlanýar we käbir halatlarda 400 manatdan aşýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ilatdan gaz we suw üçin talap edilýän tölegleriň ölçeýjileri oturmakdan öňki hasaplaşyk usullary bilen gyzyklandy.

"Agyz suwunyň tölegi, ölçeýji gural oturdylmadyk bolsa her adam başyna aýda 3 manat 56 teňňä barabar. Onuň tölegi 2016-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda prezidentiň gol çeken kararynyň esasynda, şol ýylyň 1-nji fewralyndan hasaplanylýar. Şoňa laýyklykda, agzalan döwür üçin her adamdan suw üçin 125 manat alynýar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Gazyň tölegi 2018-nji ýylyň başyndan hasaplanylýar. Oba ýerlerinde ilatyň ulanýan gaz üçin töleginiň mukdary gaz guralynyň her bir nokadyna bir aýda 6 manada barabar. Habarçymyzyň bellemegine görä, adatça her bir howluda öýi ýylatmak üçin gurallardan başga-da ojak we teplisa ýa-da mal ýatagy üçin gaz guralynyň tölegi alynýar we bu orta hasapdan her aýda 50 manada barabar bolýar.

Azatlyk Radiosy gazyň, suwuň tölegini tölemändigi üçin ýaşaýjylaryň suda çekilen ýagdaýlarynyň bolup-bolmandygyny anyklap bilmedi. Bu barada Aşgabadyň we Balkan welaýatynyň administrasiýalaryndan hem resmi maglumat alyp bolmady.

Şol bir wagtda-da, Azatlygyň çeşmeleriniň ýerli resmilere salgylanyp, aýtmagyna görä, gaz, suw üçin tölegleriň gijikdirilmegi jerimeleri göz öňünde tutýar.

"Gününe 0.03 manat möçberinde peni, üstesine administratiw bozma hökmünde 300-500 manat aralygynda jerime salynmagy mümkin" diýip, Azatlygyň çeşmesi belleýär.

Degişli maglumat Daşoguzda bergili maşgalalaryň gazyny, toguny kesýärler

Mundan öň Azatlygyň habarçylary türkmenistanda bergili maşgalalaryň gaz we suw üpjünçiliginden kesilýändigini habar beripdi.

Munuň bilen bir wagtda Türkmenistanyň ilaty ýyllarboýy suwuň, gazyň we elektrik energiýasynyň üpjünçiligindäki yzygiderli bökdençliklerden kösenip gelýär.

Soňky aýlarda türkmen paýtagtynda ilatyň birnäçe günläp suwsuz, gazsyz we toksuz oturan ýagdaýlarynyň ençemesi boldy.

Şu günler Mary welaýatynda tutuş bir obanyň gazsyz kösenýändigini "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri habar berýär.

Maglumata görä, Marydan 20 kilometr uzaklykda ýerleşýän Adalat obasynyň ýaşaýjylary köp ýyl bäri gazyň ýoklugyndan ejir çekýärler. Oba gaz turbalarynyň çekilmegine garamazdan, güýzde we gyşda bu ýere gaz düýpden barmaýar, ýerli ýaşaýjylar öz öýlerini odun ýakyp ýyladyp gün görýärler. Şol bir wagtda-da, olara odun ýygnamak we çapmak hem gadagan edilýär.

"Diňe gowaça çöpüni ýygnamak galýar, olaram tiz ýanyp, ýylylyk bermeýär, nahar bişirmek üçin bolsa bu asla ýaramaýar" diýip "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri habar berýär.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary ilata 25 ýylyň dowamynda mugt berlen gazy, suwy we elektrik toguny ýatyrmak barada gelen öz kararyny ilatyň durmuş şertleriniň gowulanmagy bilen düşündiripdi.