Türkmenistan türkmen-owgan serhediniň howpsuzlygy baradaky habarlara reaksiýa görkezdi

Türkmen-owgan serhedi

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi beýanat ýaýradyp, Orsýetiň “RIA Nowosti” habar agentliginiň türkmen-owgan serhedinde howpsuzlygyň ýaramazlaşmagy barada 14-nji noýabrda beren maglumatlarynyň “hakykata gabat gelmeýändigini” hem-de oňa “dostlukly bolmadyk ädim hökmünde garaýandygyny” aýtdy.

Ministrligiň beýanatynda, Orsýetiň “Nowosti” habar agentligi 14-nji noýabrda GDA-nyň Serhet gullugynyň serkerdebaşylarynyň Geňeşine salgylanyp, “hamana, türkmen-owgan serhedinde ýagdaýyň ýitileşendigi barada ýalan habar ýaýratdy” diýilýär.

“Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu habaryň hakykata laýyk gelmeýänligini we ony Türkmenistan babatynda dostlukly bolmadyk ädim hökmünde garaýanlygyny resmi taýdan aýan edýär” diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Ýatlasak, 14-nji noýabrda Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki “RIA Nowosti” habar agentligi GDA-nyň Serhet goşunlarynyň serkerdebaşylarynyň geňeşine salgylanyp, Türkmenistan bilen Owganystanyň araçäginde howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşýandygyny habar berdi.

Maglumata görä, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň Serhet goşunlarynyň serkerdebaşylarynyň geňeşi 14-nji noýabrda Gyrgyzystanyň Tokmak şäherinde ýygnak geçirdi. Ýygnaga Arkalaşyga agza ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň serhet düzümleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Orsýetiň agalyk edýän Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň (KHŞG) sekretariaty, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) terrorçylyga garşy göreş boýunça regional düzümleriniň ýerine ýetiriji komiteti gatnaşypdyr.

Degişli maglumat Rus metbugaty türkmen-owgan serhedinde howpsuzlygyň ýaramazlaşýandygyny aýdýar

“RIA Nowosti” ilkibaşda çarşenbe güni çap eden habarynyň mazmunyny aradan biraz wagt geçenden soň üýtgetdi. Ýöne makalanyň anyk haçan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň degişli beýanatyndan öňmi ýa-da soň üýtgedilendigi mälim däl.

Agentlik habaryň ilkibaşdaky wersiýasynyň sözbaşynda “türkmen-owgan serhedinde” howpsuzlygyň ýaramazlaşýandygyny aýtdy, ýöne soňra sözbaşyny üýtgedip, “Arkalaşygyň günorta çäginde” ýagdaýlaryň ýitileşýändigini belledi.

Şeýle-de habaryň ilkibaşdaky wersiýasynda sitirlenen Gyrgyzystanyň Serhet gullugynyň metbugat wekili Gulmira Borubaýewanyň käbir sözleri habaryň soňky wersiýasynda aýryldy.

“Ýygnaga gatnaşyjylar türkmen-owgan döwlet serhedinde howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ep-esli ýaramazlaşýandygyny bellediler. Ol ýerde Türkmenistanyň çägine edilýän ýaragly prowokasiýa wehimleri we ok atyşyklar peýda bolýar” diýip, “RIA Nowosti” ilkibaşda Borubaýewanyň sözlerini getiripdi.

Ýöne habaryň üýtgedilen soňky mazmunynda Borubaýewanyň bu sözleri agzalmaýar.

Azatlyk Radiosy ýagdaýy aýdyňlaşdyrmak üçin Gyrgyzystanyň Serhet gullugynyň metbugat wekili Gulmira Borubaýewa bilen kommentariýa sorap, telefon arkaly habarlaşdy.

Ol gürrüňdeşlikde agzalýan habaryň mazmunynyň üýtgedilmegi boýunça teswir bermekden saklanýandygyny, häzirki wagtda bu meselä seredilýändigini aýdyp jogap berdi.

Degişli maglumat Türkmen – owgan serhedinde bolan atyşykda 25 töweregi türkmen esgeriniň ölendigi aýdylýar

Rus häkimiýetleri GDA-nyň owgan serhedine häli-şindi alada bildirip gelýär.

Bir hepde mundan ozal 7-nji noýabrda Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň direktory (FSB) Aleksandr Bortnikow terrorçylaryň Merkezi Aziýa howp abandyrýandygyny aýtdy.

Has ozal, Azatlyk Radiosynda-da türkmen-owgan serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýlary barada käbir maglumatlar berildi.

Ýatlasak, iýun aýynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy türkmen-owgan serhedinde türkmen serhetçileri bilen Owganystan tarapdan hüjüm eden neşe gaçakçylarynyň arasynda dörän ok atyşygynda 25 türkmenistanly esgeriň wepat bolandygyny habar berdi.

Degişli maglumat Türkmenistanyň günorta-gündogarynda YD-nyň dört şübheli söweşijisi saklandy

2017-nji ýylyň iýun aýynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligindäki çeşmesi Türkmenistanyň günorta-gündogarynda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri diýlip güman edilýän dört adamyň saklanandygyny habar berdi. Güman edilýän dört şübheli Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň territoriýasynda ele geçirilipdi. Çeşmämiz şonda 2017-nji ýylyň maý aýynda “Ysam döwleti” ekstremist toparyna agza bolmakda güman edilýänleriň ýurduň Owganystan we Eýran bilen döwlet araçäginiň golaýyndan, takmynan demirgazyk Owganystanyň Hyrat welaýatyndan Türkmenistanyň territoriýasyna syzyp geçendiklerini habar beripdi.

Owganystan – Türkmenistan serhediniň uzynlygy 804 kilometre deň bolup, Owganystanda köp ýyllyklaryň dowamynda durnuksyzlyk höküm sürýär. Türkmenistan Owganystany hem öz içine alýan TOPH gazgeçirijisi, Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demirýol proýekti ýaly transmilli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine umyt bildirip gelýär.