Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki “RIA Nowosti” habar agentligi GDA-nyň Serhet goşunlarynyň serkerdeler geňeşine salgylanyp, Türkmenistan bilen Owganystanyň serhedinde howpsuzlyk ýagdaýlarynyň barha ýaramazlaşýandygyny habar berýär.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň Serhet goşunlarynyň serkerdeler geňeşi 14-nji noýabrda Gyrgyzystanyň Tokmak şäherinde ýygnak geçirdi. Ýygnaga Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň Orsýetiň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň serhet düzümleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Orsýetiň agalyk edýän Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň (KHŞG) sekretariaty, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) terrorçylyga garşy göreş boýunça regional düzümleriniň ýerine ýetiriji komiteti gatnaşypdyr.
“Ýygnaga gatnaşyjylar türkmen-owgan döwlet serhedinde howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ep-esli ýaramazlaşýandygyny bellediler. Ol ýerde Türkmenistanyň çägine edilýän ýaragly prowokasiýa wehimleri we ok atyşyklar peýda bolýar” diýip, “RIA Nowosti” Gyrgyzystanyň Serhet gullugynyň metbugat wekili Gulmira Borubaýewanyň sözlerini getirdi.
Neşiriň maglumatlaryna görä, ýygnaga gatnaşyjylar GDA-nyň owgan tarapynda ýerleşýän ýurtlaryň serhet howpsuzlygyna wehim salýan elementleri öz wagtynda aradan aýyrmak üçin bilelikde göreşmegiň zerurdygyny belläpdir.
Rus häkimiýetleri GDA-nyň owgan serhedine häli-şindi alada bildirip gelýär.
Bir hepde mundan ozal 7-nji noýabrda Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň direktory (FSB) Aleksandr Bortnikow terrorçylaryň Merkezi Aziýa howp abandyrýandygyny aýtdy. Onuň sözleri ýurduň döwlet eýeçiligindäki TASS agentliginde getirildi.
Degişli maglumat Türkmen – owgan serhedinde bolan atyşykda 25 töweregi türkmen esgeriniň ölendigi aýdylýarOwgan-türkmen serhediniň uzynlygy 804 kilometre deňdir. Owganystanda “Talyban” jeňçi topary “Yslam döwleti” (YD) ekstremist topary ýaly birnäçe ululy-kiçili toparlar hereket edýär.
Iýun aýynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy türkmen-owgan serhedinde türkmen serhetçileri bilen Owganystan tarapdan hüjüm eden neşe gaçakçylarynyň arasynda dörän ok atyşygynda 25 türkmenistanly esgeriň wepat bolandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky 5 ýyllykda ýeke gezek, ol hem 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda türkmen-owgan serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýlary barada resmi beýanat ýaýradypdy. Beýanatda iki ýurduň arasyndaky araçägiň asudadygy aýdyldy.
Şondan bir aý ozal Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen Täjigistanyň owgan serhedinde howpsuzlyk şertleriň ýaramazlaşýandygyna aladalanma bildiripdi.
RIA Nowostiniň habarynda Gyrgyzystanyň Serhet gullugynyň metbugat wekili soňky ýyllarda Owganystanyň Täjigistan we Türkmenistan bilen serhetleşýän çäklerinde söweşijileriň 70-e golaý terror aktlaryna, ýagny ýykgynçylykly hereketlere baş goşandygyny aýtdy.
Türkmenistan Owganystanyň çäginden geçirilýän iri halkara taslamalara bil baglap gelýär. Olaryň hatarynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gazgeçirijisi, Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demirýoly proýektleri bar.
GDA-nyň Serhet geňeşiniň bellikleri TOPH babatda Türkmenistanyň oňyn häsiýetlendirýän habarlary ýaýratmagynyň yzýanyna gabat gelýär.
12-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti TOPH boýunça alnyp barylýan işleriň “okgunly depgininden” kanagatlanýandygyny aýtdy.
Türkmen hökümeti ýaramazlaşýandygy aýdylýan serhet howpsuzlyk şertleri barada heniz resmi beýanat ýaýratmady.