Düýn 11-nji noýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde bu ýylky pagta plan borçnamasynyň berjaý edilmegi mynasybetli Hasyl toýy toýlandy. Bu barada döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleri maglumat berýär. Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy borçnamanyň ýerine ýetirilendigine garamazdan, heniz hem ýurduň käbir etraplarynda we oba ýerlerinde mejbury pagta ýygym kampaniýasynyň dowam etdirilýändigini habar berýär.
Türkmenistanyň döwlet habar agentligi ýurtda 2018-nji ýyl üçin 1 million 50 müň tonna diýlip kesgitlenen pagta plan borçnamasynyň doly berjaý edilendigini habar berýär.
Döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşiginiň 11-nji noýabrda efire beren wideo reportažlaryndan mälim bolşuna görä, paýtagt Aşgabatda ýerleşýän “Mekan” köşgünde ýekşenbe güni Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildipdir. Oňa ýokary wezipeli döwlet resmileri, myhmanlar, kärendeçi daýhanlar we beýlekiler gatnaşypdyr.
Wideo görnüşlerde görkezilişi ýaly, pagta hasylyna bagyşlanan dabaralarda oba hojalyk ekinleriniň, azyk harytlaryň hem-de çörek önümleriniň bezelenen sergisi guralypdyr.
Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy pagty hasyly mynasybetli geçirilýän dabaralaryň diňe Aşgabatda we welaýatlaryň merkezlerinde gurnalandygyny habar berýär.
“Hasyl toýy etrap merkezlerinde ýa-da oba ýerlerinde bellenmedi” diýip, habarçymyz belledi.
Ýurduň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde hökümet resmileri we beýlekiler pagta hasylynyň toýuny tutýan wagty, “etraplarda we oba ýerlerinde pagtaçy kärendeçiler hem-de ýygymçylar heniz hem pagta meýdanlarynda” diýip, Azatlygyň habarçysy belledi.
Ol hasyl toýy bilen bagly Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç, Mary welaýatynyň Türkmengala, Balkan welaýatynyň Serdar, Lebap welaýatynyň Halaç etraplarynyň käbir ýaşaýjylary bilen telefon arkaly gürrüňdeş bolýar.
Olaryň sözlerine görä, hasyl toýy toýlanmadyk oba ýerlerinde pagta ýygym kampaniýalary heniz hem dowam edýär.
Habarçy ýygyma pagtaçy kärendeçileriň we ýygymçylaryň çekilmegi bilen bir hatarda býujet işgärleriniň; medeni aň-bilim pudagynyň işgärleriniň hem doly güýjünde ýygyma heniz hem çekilýändigini habar berdi.
Onuň gürrüň bermegine görä, ýygymçylar pagta meýdanlarynda hasylyň galmandygyny aýdýar, ýöne häkimiýetler olary körek ýygmaga mejbur edýär.
Habarçy bu ýagdaý boýunça käbir etraplardaky ýagdaýlary öwrendi. Ol Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda häkimiýetleriň ýygymçylardan indi körek ýygmagy talap edýändigini, daýhanlaryň bolsa ogrynça atyzlara, körekleri iýdirmek üçin, sygyr salýandygyny gürrüň berdi.
“Ýöne soňky 2-3 günlükde muňa-da gözegçilik güýçlendi. Häkimiýetler atyzlardan tapylan sygyrlary ýygnap, olaryň eýelerine 300-700 manat aralygynda jerime töledýär” diýip, habarçy belledi.
Türkmenistanda resmi derejede sentýabryň başynda girişilen pagta möwsüminiň dowamynda häkimiýetler mejbury adam zähmetinden peýdalandy. Bu barada garaşsyz habar çeşmeleri, şol sanda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary yzgiderli maglumat berip geldi.
Sentýabryň birinji ongünlüginde Daşogzuň Nyýazow, Ýylanly, Görogly we Boldumsaz etraplarynyň 7-nji klasdan ýokary mekdep okuwçylary ýygyma çekildi; aý ortadan agandan soň, welaýatyň Nyýazow, Ýylanly we Görogly etraplarynyň býujet işgärlerinden ybarat ýygymçy toparlary Ruhubelent we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynda ýerleşýän pagta meýdanlaryna ýygyma äkidildi. Oktýabryň başynda Serhet hem-de Guryýer goşunlarynyň esgerleri Daşoguzda köpçülikleýin pagta ýygdy. Bu aralykda, Mary we Lebap ýaly beýleki welaýatlarda-da mejbury ýygym kampaniýalary güýçlendi. Sentýabryň başynda Türkmenabat şäherinde käbir mekdepleriň mugallymlaryndan we hojalyk işgärlerinden düzülen mejbury ýygymçy toparlaryny daşaýan awtobus ýol heläkçiligine uçrady. Oktýabryň 22-sinde pagtaçylary daşaýan başga bir awtobus Aşgabadyň eteginde ýol hadysasyna uçrady. Bular barada garaşsyz habar serişdeleri, şol sanda Azatlyk Radiosy maglumat beripdi.