Aşgabatda çörek gytçylygy duýulýar

Aşgabatdaky bir söwda merkezde satuwa çykarylan çörekler. Arhiwden alnan surat.

Eýýäm soňky birnäçe aý wagt bäri ýurduň regionlarynda dowam edýän un-çörek gytçylygy we gymmatçylygy indi paýtagt Aşgabatda-da ýiti duýulýar. Bu barada Azatlygyň paýtagtly habarçysy 11-nji noýabrda maglumat berdi.

“Soňky 6 aý bäri welaýatlarda un-çörek gytçylygy dowam edýärdi. Bu gytçylyk Türkmenistanyň paýtagtynda soňky 2 aý bäri göze ilýär. Ýöne soňky 5 gün bäri çörek gytalyp başlady” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy aýdýar.

“Puluň bolsa-da çörek tapmak kynlaşýar” diýip, habarçy sözüne goşýar.

Onuň sözlerine görä, bazarlardaky nyrhlar ýokarlanmagynda galýar.

Habarçy çöregiň Aşgabadyň dükanlaryndaky bahasynyň 1 aý mundan ozal 1 manada deň bolandygyny, ýöne häzirki wagtda onuň birden 5 esse gymmatlandygyny aýdýar.

“Şu wagt 1 çöregiň bahasy 5 manat” diýip, habarçy belleýär.

10-njy noýabrda Azatlygyň Aşgabatdan habarlaşan beýleki bir habarçysy paýtagtyň esasy bazarlaryna aýlandy.

“Mir” bazarynda, “Gülüstan” diýilýän rus bazarynda, Teke bazarynda hökümetden rugsat alyp, tamdyr çöregini satýan adamlaryň, birinjiden, satuwa çykarýan çörekleriniň görnüşi azaldy, ikinjiden, bahalary üzül-kesil ýokarlandy” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ozal 1 manatdan satylýan adaty çörekler häzir Aşgabadyň bazarlarynda 5 manada çenli gymmatlady.

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizislerinden birini başdan geçirýär. Soňky aýlarda ýurt içinden yzly-yzyna un-çörek ýetmezçiligi barada dürli habarlar gelip gowuşýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Daşoguzda ýüzlerçe adam un çörek nobatyna garaşýar.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky habarçysynyň 4-nji oktýabrda düşürip, gizlinlik şertlerinde ugradan wideosynda welaýatdaky un we çörek satylýan döwlet dükanlarynyň biriniň öňündäki dörän ýüzlerçe adamlyk nobat görkezilýär.

Nobata gatnaşan bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde adamlaryň ir ertirden giç öýläne çenli un-çörek nobatyna garaşandygyny, şonça wagtyň dowamynda un satyn alan adamy görmändigini habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň beýleki bir habarçysy 24-nji oktýabrda Türkmenabat şäherinde ýerleşýän döwlet dükanlarynyň biriniň öňünde dörän 200-300 adamlyk un-çörek nobaty barada habar berdi.

Habarçylarymyzyň bellemegine görä, regionlardaky döwlet dükanlarynyň öňünde döreýän uzyn nobatlara polisiýa gulluklary we beýleki käbir güýç edaralary gözegçilik edýär. Ýerli ýaşaýjylar Azatlygyň habarçylaryna berýän gürrüňlerinde ýiti azyk ýetmezçiliginden şikaýat edýär.

Muňa garamazdan, döwlet baştutany “ýurtda galla garaşsyzlygynyň” gazanylandygyny aýdýar hem-de döwlet eýeçiligindäki media serişdelerine muny wagyz etmegi tabşyrýar.

Bu aralykda noýabryň başynda “Türkmenistan: Altyn Asyr” internet neşiriniň habarlarynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşýän bir kärhananyň çörek önümlerini daşary ýurtlara eksport etmäge taýýarlanýandygy barada maglumatlar peýda boldy. Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary demirgazyk regionyň ilatynyň iň agyr un gytçylygyndan birini başdan geçirýändigini habar berýär.

Türkmen hökümeti un-çörek gytçylygyny boýun almaýar.

Döwlet mediasy çörek ýetmezçiligi barada maglumat bermeýär.