“Amnesty International” guramasy 7-nji noýabrda saudly şaýy tussaglarynyň 12 sanysynyň derhal jezalandyrylyp öldürilmeginiň ahmaldygyny, olaryň göni patyşa hasabat berýän gizlin döwlet howpsuzlyk gullugyna geçirilendigini duýdurdy.
Bu erkekler 2016-njy ýylda Eýranyň haýryna içalyçylyk etmekde aýyplanyp, köpçülikleýin sud seljermesinden soň ölüme höküm edildi hem-de Döwlet howpsuzlygy prezidentligine geçirildi diýip, adam hukuklary topary habar berdi. Olar patyşa hökümi tassyklan badyna jezalandyrylyp bilner.
"Ol erkekleriň maşgalalary bu habardan elhenç hopukdylar” diýip, halkara günä geçiş guramasynyň Ýakyn Gündogar boýunça direktory Heba Moraýef aýtdy.
"Saud Arabystanyndaky sud seljerişlikleriniň töweregindäki ýaşyrynlyklar bilen baglylykda, biz bu çäre 12 erkegiň derhal jezalandyrylmak ähtimallygyny aňladýan bolmasyn diýip howatyr edýäris”.
Bu işler barada düşündiriş almak üçin saud hökümeti baglanyp bolmady.
Riýadyň adam hukuklary ýagdaýy geçen aý saudly žurnalist Jamal Haşoggi Stambuldaky saud konsullygynda öldürileli bäri üns merkezinde saklanylýar.
AI-niň maglumatyna görä, Eýranyň peýdasyna içalyçylyk etmekde aýyplanyp, ölüme höküm edilen 12 adam adalatsyz geçirilen köpçülikleýin suduň pidalary bolup durýar. Olar Saud Arabystanynda 2013-2014-nji ýyllarda tussag edilen 32 adam bilen bilelikde sud edildi.