Türkmenistanyň “Belgorhimpromy” halkara arbitraž suduna bermegi mümkin

Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplum. Arhiwden alnan surat

5-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow käbir ýokary wezipeli hökümet resmileri bilen wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda prezident “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işine, hususan-da Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumdaky pes önümçilige nägilelik bildirdi.

Prezident ýurduň senagat pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Kerim Durdymyradowa “bu toplumyň işi bilen baglanyşykly meseleleri oňyn çözmek üçin halkara arbitraža degişli resminamalary taýýarlamagy we ýollamagy tabşyrdy” diýip, Türkmen döwlet habar gullugy ýazýar.

Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy Belarusyň “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýeti gurupdy. Gurluşygy bellenen möhletden uzaga çeken toplumyň 2017-nji ýylyň mart aýynda geçirilen açylyş dabarasyna Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko gatnaşdy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni we “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýeti bu kombinaty gurmak baradaky şertnama 2009-njy ýylda gol çekipdi. Onuň gurluşygyna 2010-njy ýylda girişildi.

Kärhananyň ulanylmaga berilmeli möhleti birnäçe gezek yza süýşürildi. Munuň bilen baglylykda, taraplar ýeri gelende birek-biregi aýyplady.

2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Minsk bu toplumyň gurluşygy bilen baglylykda Aşgabady maliýe bökdençliklerini döretmekde aýyplady.

Şonda Belarusyň milli ýygnagynyň Respublika geňeşiniň başlygy Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi bilen duşuşyp, Aşgabadyň Garlykda gurulýan zawod boýunça öz üstüne alan maliýe borçlaryny ýerine ýetirmezliginden özleriniň ynjalyksyz bolýandyklaryny mälim edipdi.

2016-njy ýylyň oktýabr aýynda bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Belarusyň “Belgorhimprom” kompaniýasynyň ylalaşyklar boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigine aladalanma bildirdi.

Şonda türkmen tarapy üç meseläni gozgady. Ýagny kombinatyň binýadyndaky aýrybaşga obýektleriň gurluşygynyň gijikdirilmegi, kombinata degişli bahasy birnäçe million dollara barabar bolan enjamlaryň wagtyndan oturdylmazlygy hem-de desgalaryň gurluşygynda zähmet çeken türkmen gurluşykçylarynyň aýlyklarynyň wagtynda tölenmezligi boýunça türkmen tarapy Belarusa öz aladalaryny beýan etdi.

Häzriki wagtda Türkmenistanyň anyk haýsy mesele boýunça “Belgorhimpromy” suda bermäge taýýarlanýandygy mälim däl. Ýöne, hakykatdan-da, bu kärhananyň işe girizilmeli möhleti ilkibaşda meýilleşdirilen seneden yza süýşürilipdi, galyberse-de, 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda türkmen tarapynyň enjamlar boýunça eden talabynyň wagtynda ýerine ýetirlip ýetirilmändigi nämälimliginde galýar.

Türkmenistan önümçilik kuwwaty 1 million 400 müň tonna barabar bolan kaliý zawodyny işe girizmek bilen Hytaýa we Hindistana ýylda 1 million 200 müň tonna dökün eksport etmegi maksat edinipdi.

Ýöne türkmen neşiriniň Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, 6-njy noýabrda ýazmagyna görä, 2018-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aralygynda bu kärhanada jemi 24 müň 200 tonnalyk kaliý döküni öndürildi. Bu görkeziji zawodyň göz öňünde tutulan ýyllyk önümçilik kuwwatynyň takmynan 2 %-e barabar bolýar.

Ýatlasak, 2017-nji ýylyň maý aýynda bu kombinatyň umumy kuwwatynyň diňe 7 göteriminden peýdalanylýandygy barada maglumatlar peýda bolupdy.

2018-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň döwlet metbugaty bu zawodyň gurluşygy bilen baglylykda Belarus tarapynyň hünärmenleriniň şertnama boýunça ýerine ýetirilmeli işleri doly berjaý etmändiginiň ýüze çykarylandygyny habar berdi.

Şondan iki aý geçenden soň, Belarusyň media serişdeleri ýurduň Döwlet bankyna salgylanyp, Türkmenistanyň Belarusyň öňündäki möhleti geçen bergisiniň 40 million töweregi dollara ýetendigini habar berdi.

Garlykdaky kombinat üçin Türkmenistanyň döwlet gaznasyndan 1 milliard dollardan gowrak maliýe serişdesi harçlanyldy.