Türkmenistan 1 million tonna pagta hasylynyň ýygnalandygyny aýdýar

Pagta

Türkmenistan 1 million tonnadan gowrak pagta hasylynyň ýygnalandygyny aýdýar.

Duşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen maglumata görä, ýurt boýunça pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnama şu güne çenli 95% ýerine ýetirilipdir.

Ýatlatsak, Türkmenistanda bu ýyl, resmi maglumata görä, 545 müň gektar ýere gowaça ekildi we 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny almak planlaşdyrylýar.

Düýnki mejlisiň dowamynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow meýdanlarynda galan pagtany çalt ýygnamak üçin bar bolan serişdeleri goşmaça jemlemegi tabşyrdy.

Mundan öň, has dogrusy 22-nji oktýabrda geçirilen hökümet maslahatynda Berdimuhamedow pagta ýygymynyň göwnejaý derejede guralmaýandygyny aýdyp, ýygym möwsüminiň guralyşyna nägilelik bildiripdi.

Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmesi maslahatyň yzýany beren maglumatynda mundan beýläk ýurduň ähli künjeklerinde raýatlary köpçülikleýin pagta ýygymyna çekmek çäreleriniň güýçlendirilýändigini habar beripdi.

Munuň yzy bilen, ýagny 25-nji oktýabrdan başlap türkmen mediasynda ýurduň dürli etraplarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendigi barada maglumatlar peýda bolup başlady.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan pagtaçy kärendeçiler suw, tehnika we dökün ýetmezçiligi sebäpli gowaçanyň bu ýylky hasyllylygynyň pesdigini aýdypdylar.

Galyberse-de, halkara hukuk goraýjy guramalar Türkmenisatnda raýatlaryň pagta ýygymyna mejbury çekilmegini tankyt edip gelýär.

Garaşsyz çeşmelerde, şol sanda Azatlyk Radiosynda bu ýylky pagta möwsüminde býujet işgärleriniň pagta meýdanlaryna mejbury çekilýändigi barada yzygiderli habar berildi.

Döwlet eýeçiligindäki maglumat serişdelerinde pagta möwsüminde mejbury zähmetiň ulanylmagy barada ýagşydan-ýamandan kelam agyz gürrüň edilmeýär. Muňa derek, düýn, ýagny 5-nji noýabrda geçirilen mejlisde türkmen resmileri “daýhanlar pagta ýygymyna uly höwes bilen gatnaşýandygyny” öňe sürdüler.

1-nji oktýabr güni halkara hukuk goraýjy guramalar prezidentiň saparyna gabatlap, BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş binasynyň öňünde Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda dowam edýän mejbury zähmete protest bildirmek maksady bilen nägilelik çäresini geçirdi.