Hökümet resmileri bugdaý ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirilendigini aýdýar, ýöne gallaçylar ‘kösenýär’

Bugdaý meýdany. Gökdepe. 2018-nji ýylyň marty. Arhiwden alnan surat. Illýustrasiýa

2-nji noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew ýurtda güýzlük bugdaý ekişiniň tamamlanandygy barada prezidente hasabat berdi.

Wise-premýer hasabatynda ekişiň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirilendigini aýdypdyr.

Ýöne golaýda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy ýurduň käbir künjeklerinde ekiş möwsüminde gallaçy kärendeçilere döwlet tarapyndan üpjün edilmeli tohumlyk bugdaýyň doly berilmändigini habar berdi. Ol tohumlyk bugdaý bilen bagly kemçilikden täsirlenen käbir balkanly gallaçylaryň sözlerine salgylandy.

Döwlet gallaçy kärendeçileri her gektar başyna 230 kilogram tohumlyk bugdaý bilen üpjün edýär.

Ýöne Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, daýhanlar ekiş üçin özlerine berlen tohumlyk bugdaýyň kem berlendigine soň düşünip galýar.

Daýhanlar köplenç özlerine berlen tohumlyk bugdaýyň agramyny ölçäbem durmaýarlar diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ekiş möwsüminde balkanly kärendeçileriň biri özüne berlen 3 gektar ýer üçin döwletiň 600 kilogramdan hem az tohumlyk bugdaý berendigini anyklaýar.

Döwlet resmileri bu ýagdaýlar boýunça hiç hili kommentariýa bermeýär.

Döwlet baştutanyna berlen hasabatda bugdaý ekişiniň kada laýyk geçirilendigi aýdylsa-da ýerli kärendeçiler beýleki käbir kynçylyklar bilen bir hatarda dökün üpjünçiliginden hem ejir çekýär.

Agzalýan hökümet maslahatynyň öňýany 31-nji oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda ýerli habarçymyz hususan-da Balkan welaýatynyň Serdar we Bereket etraplarynda ekilen bugdaýyň agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyk geçirilmändigini, ekiş geçirilmezden öň bugdaý meýdanlaryna sepilmeli fosfor döküniniň döwlet tarapyndan gallaçy kärendeçilere wagtynda berilmändigini habar berdi.

Ýurduň oba hojalyk pudagyndaky häzirki ýagdaýlar bilen ýakyndan gyzyklanýan ýerli çeşmämiz fosfor döküniniň ekerançylykdaky ähmiýetine ünsi çekdi:

“Agrotehnikanyň talaplaryna görä, ýerlerde entek ekiş geçirilmänkä fosfor döküni dökülmeli. Sebäbi bu dökün ortaça üç aýdan soň topraga öz ýetirmeli täsirini ýetirýär. Fosfor ýeri ýumşadyp, dänäniň ine-gana ýere kök urmagyna mümkinçilik döredýär. Ýere ymykly kök uran islendik däneli ekiniň ösüşi we hasyllylygy ýokary bolýar” diýip, ýurduň oba hojalyk pudagyny öwrenýän çeşmämiz gürrüň berdi.

“Ekilen we ösüş suwy tutulan bugdaý meýdanlarynyň tas hiç haýsysyna diýen ýaly fosfor döküni berilmändir” diýip, Azatlygyň habarçysy Balkan welaýatynyň Serdar we Bereket etraplarynda gürrüňdeş bolan ýerli kärendeçileriň sözlerine salgylandy.

TDH 2-nji noýabrda çap eden habarynda häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ilkinji ösüş suwlarynyň tutulýandygyny belleýär.

Balkan welaýatynyň Serdar we Bereket etraplaryna sapar edenden soň, 26-njy oktýabrda Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan ýerli çeşmämiz agzalýan etraplaryň käbir bugdaý meýdanlarynda tutulan gögeriş suwlarynda suwuň bisarpa ulanylandygyny gürrüň berdi.

2019-njy ýylda Türkmenistan boýunça güýzlük bugdaý üçin jemi 760 müň gektar meýdan ýer bölünip berildi hem-de 1 million 600 müň tonna däne taýýarlamak göz öňünde tutulýar.