Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe etrabynyň “Gorjaw” geňeşligine sapar edip, ol ýerde Ahal welaýatynyň çäginde guruljak täze dolandyryş merkeziniň gurluşyk taslamalary bilen tanyş boldy diýip, TDH 31-nji oktýabrda habar berdi.
Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi Aşgabatdan 8 kilometr aradaşlykda ýerleşýän Änew şäheridir.
TDH-nyň habar bermegine görä, tutuşlygyna täzeden guruljak welaýatyň dolandyryş merkezinde ýaşaýyş jaý toplumlaryny, häkimligiň we beýleki edaralaryň binalaryny, Ruhyýet köşgüni, welaýat bilim we medeniýet müdirliklerini, drama teatryny, kitaphana, ýokanç keselleri hassahanasyny, muzeý, Atçylyk boýunça ýokary halkara mekdebini, Atçylyk boýunça ylmy-önümçilik merkezini, baýdak meýdançasyny we beýleki käbir binalary gurmak göz öňünde tutulýar.
Gökdepe etrabynda geçirilen ýygnagyň dowamynda prezidente hödürlenen taslamada täze şäherde ýadygärlik binasyny hem gurmak meýilleşdirilýär. Ýöne TDH-nyň maglumatynda bu ýadygärligiň kime ýa-da nämä bagyşlanýandygy anyk aýdylmaýar.
Galyberse-de, prezident ýygnaga gatnaşýan Mejlisiň deputatlaryna ýüzlenip, olardan täze dolandyryş merkeziniň takyk ýerleşjek ýerini welaýatyň ilatyna sala salyp, kesgitlemegi tabşyrypdyr.
Ýerli synçylar Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi boýunça geçirilen ýygnagyň Gökdepe etrabynyň “Gorjaw” geňeşliginde geçirilmeginiň onuň ýerleşjek ýeri barada käbir pikirleri döredýändigini aýdýarlar.
Ýatlasak, sentýabryň aýagynda Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy Gökdepe şäheriniň gündogar bölegindäki, Aşgabat-Türkmenbaşy (Krasnowodsk) awtomobil ýolunyň günortasyndaky hususy jaýlaryň ýykylýandygyny habar beripdi.
Döwlet metbugatynyň habarynda binalaryň gurluşygyna ediljek döwlet harçlamalarynyň möçberi barada anyk maglumat berilmeýär.
Täze guruljak şäherde bina ediljek ýaşaýyş jaý toplumlarynyň 67 müňden gowrak adama niýetleniljekdigi habar berilýär.
Oktýabryň ortalarynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy täze gurulýan obalar we olardaky ýaşaýyş jaýlarynyň tölegleri barada käbir maglumatlary beripdi.
“Soňky ýyllarda on müňlerçe täze kottej jaýlar guruldy. Köplenç tutuşlygyna täze obalar bina edildi. Ýöne şol gurlan jaýlar köplenç boş galýar. Olaryň bahasy ýerleşýän regionyna baglylykda 400 müň – 800 müň manat aralygynda üýtgeýär” diýip, habarçy aýtdy.
Halkara walýuta gaznasynyň işçi toparlarynyň düzüminde Türkmenistana sapar eden maliýe bilermenleri türkmen hökümetine döwlet harçlamalaryny tygşytlap, olary möhüm pudaklara gönükdirmek boýunça maslahat berýär.
Türkmen hökümeti täze ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşyklarynyň depginini gowşatmaýar.
Golaýda, prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Gökdepe we Kaka etraplarynda täze obalaryň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi.
Galyberse-de, mundan ozal Azatlygyň ýurt içindäki çeşmesi gurluşygy tamamlanan täze obalardaky ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak boýunça döwlet edaralarynyň işgärlerine ýokardan basyş edilýändigini, olaryň bolsa mejbury satyn alan jaýlaryny tölege ukypsyzlyk sebäpli wagtyň geçmegi bilen yzyna tabşyrmaga mejbur bolýandyklaryny habar beripdi.
Bu ýagdaýlary degişli türkmen resmilerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmäk mümkin däl.