Global gulçulyk hasabatynda Türkmenistanyň mejbury zähmeti ulanmak problemasyna üns berildi

Pagta meýdany, Türkmenistan (arhiw suraty)

Global gulçulyk indeksiniň Merkezi Aziýa boýunça hasabatyna görä, Ýewropa we Merkezi Aziýa dünýäde gulçulygyň täze görnüşlerini döredýän we netijelerini görýän regionlaryň biri bolup durýar.

"Walk Free Foundation", "International Labour Organization" (ILO) ýagny Halkara zähmet guramasynyň we "International Organization for Migration" (IOM), "Halkara migrasiýa guramasynyň" bilelikde çap eden hasabatynda dünýäde 40.3 million adamyň gulçulyk şertlerinde ýaşaýandygy, diňe bir Ýewropada we Merkezi Aziýada erkek adamlaryň, zenanlaryň we çagalaryň 3.6 milliony, gulçulykda ýaşaýandygy bellenýär. Bu san her 1000 adamdan tas 4 adamyň gulçulyk şertlerinde ýaşaýandygyny görkezýär.

Häzirki zaman gulçulygyň Merkezi Aziýa mahsus görnüşleriniň arasynda ilaty mejbury zähmete çekmek we zenanlary durmuş gurmaga mejbur etmek ýaly problemalar agzalýar.

Merkezi Aziýada mejbur zähmet döwlet tarapyndan ulanylýar, muny Özbegistanda we Türkmenistanda raýatlaryň ekspluatasiýa edilmeginden görse bolýar" diýlip, 25 oktýabrda çap bolan hasabatda aýdylýar.

"Her ýyl Türkmenistanda we Özbegistanda pagta ýygym kampaniýasynyň dowamynda onlarça müň erkek adam we aýal maşgala döwlet tarapyndan köpçülikleýin görnüşde eksport üçin niýetlenen pagtany ýygmaga mejbur bolýarlar. Şahsyýetler jezalandyrylmak, ýerini ýitirmek, işini ýitirmek, mekdepden kowulmak we girdejiden kesilmek gorkusy astynda işlemäge mejbur bolýarlar" diýlip, hasabatda aýdylýar.

Şeýle-de bellenişine görä, Halkara zähmet guramasynyň bilermenler topary 2017-nji ýylda Türkmenistanda jezalandyrylmak howpy astynda döwlet we hususy edara-kärhanalaryň onlarça müň işgäriniň pagta ýygmaga mejbur edilendigini, pagta önümçiliginde işleýän daýhanlaryň bolsa döwletiň kesgitlän planyny dolmaga mejbur edilendigini anyklapdyr.

Degişli maglumat Türkmenistanda gowaça eken kärendeçiler bergili çykmakdan alada galýarlar

25-nji oktýabrda köpçülige hödürlenen bu hasabatda dünýäde häzirki zaman gulçullygyň görnüşleriniň döremeginiň adamlaryň pes ykdysady şertli ýurtlardan has ösen regionlara migrasiýa we howpsuzlyk sebäpli bosgun bolmagy bilen baglydygy aýdylýar. Gündogar Ýewropanyň ilatynyň Günbatar Ýewropa, öňki sowet respublikalarynyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň ýaşaýjylarynyň Orsýete we Gazagystana ykdysady migrasiýasy, şeýle-de Ýakyn Gündogardaky konfliktlerden gaçýan bosgunlaryň Ýewropa barmagy bu adamlary ekspluatasiýa üçin ejiz edýär.

Degişli maglumat ABŞ: Türkmenistan mejbury zähmet boýunça iň pesleriň toparynda

Şeýle-de, Türkmenistan ilatyň mejbury zähmete we jynsy gulçulyga köp sezewar bolýan ýurtlaryň hatarynda ýyllarboýy agzalyp gelýär. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Adam gaçakçylygy” boýunça ozalky hem şu ýylky hasabatlarynda Türkmenistanda erkekler, aýallar we çagalar mejbury zähmete we jynsy gaçakçylyga sezewar edilýändigi bellendi.